Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça täze resminamalara gol çekildi

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça täze resminamalara gol çekildi

Ozal habar berşimiz ýaly, üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy.

Duşuşykda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenilip, iki halkyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, “Bir millet iki döwlet” ýörelgesinden ugur alýandyklary, munuň bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esaslardaky netijeli özara gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşyk tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmaklarynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hususan-da:

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda

Ähtnama;

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan Türkiýä gaz ibermegiň mümkinçilikleri öwrenilýär
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Gurbanguly Berdimuhamedow türk Liderini sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow: Häzirki çylşyrymly döwürde Türkmenistanyň garaýşy berk we aýdyňdyr
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar