Afrikada Kowid-19-a garşy sanjyma başlamadyk ýeke-täk ýurt Eritreýa boldy

Afrikada Kowid-19-a garşy sanjyma başlamadyk ýeke-täk ýurt Eritreýa boldy

Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde Afrika materiginde sanjymlama tapgyryna başlamadyk ýeke-täk ýurdyň Eritreýadygy mälim edildi.

Tanzaniýada sanjymlama tapgyrynyň 28-nji iýulda başlanmagy we Burundi döwletiniň hem sanjym etjekdigini beýan etmeginden soň materikde Kowid-19 sanjymynä başlamaýan ýeke-täk ýurt Eritreýa galdy.

Beýleki tarapdan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Afrika bölüminiň berýän habaryna görä, materigiň ilatynyň diňe 1,6 göterimine dolulygyna sanjym edildi.

Guramanyň berýän habaryna görä Afrika materiginde Seýşel adalary döwleti ilatynyň 68 göteriminden gowragyna sanjym etdiren bolsa, Mawrikiý ilatyň 33 göterimine, Marokko bolsa ilatynyň 26 göterimine sanjym etdi.

Eritreýada şu günki güne çenli 35 adam Kowid-19 sebäpli ýogaldy, 6 müň 547 adama bolsa wirus ýolukdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýar
Ýerli synçylar ýaş nesliň ýurtdaky syýasy biparhlygy bozmagyna’ umyt baglaýar
Britaniýanyň söz azatlygy boýunça reýtinginde Türkmenistan Demirgazyk Koreýadan we Eritreýadan soňra yzdan üçünji oruny eýeledi
Çeşmeler: Türkmenistanda ýiti ilat ýetmezçiligi. Ýurtda 2,7 million ilat galdy
Çeşmeler: Türkmenistanda ýiti ilat ýetmezçiligi. Ýurtda 2,7 million ilat galdy
Tokio — 2020-ä gatnaşjak bosgunlaryň Olimpiýa toparynyň düzümi yglan edildi