DKHR-sy pikir azatlygyny beýan etmek boýunça dünýä reýtinginde iň soňky oruny eýeledi.Ondan öňki orunlary Eritreýa we Türkmenistan eýeleýär diýip Britaniýanyň ynsan hukuklary boýunça“Article 12 ” guramasynyň ýer ýüzünde söz azatlygy barada hasabatynda aýdylýar.
Hasabatyň awtorlarynyň bellemeklerine görä, täze taryhyň öňki islendik ýylyna garanda, 2020-nji ýyl anyk, ygtybarly we öz wagtynda berilýän maglumatlaryň näderejede wajyp bolandygyny we bolmagynda galýandygynyň görkezdi.
2021-nji ýyl boýunça hasabat ýokanja garşy göreşmäge ünsi güýçlendirmegi, jemgyýetçilik saglygynyň goralmagy we maglumatlaryň elýeterliligini gowulandyrmagy hökümetler aşakdaky zatlar üçin bahana hökmünde ulandylar:
-möhüm maglumatlary gizlemek,
-çaklendirilmedik adatdan daşary ýagdaýlary girizmek,
-KHS üçin esaslandyrylmadyk we zerur bolmadyk çäklendirmeleri girizmek .
162 ýurdyň girýän reýting düzülende 25 sany ugur şol sanda, söz azatlygy, senzura we žurnalistleri gysylmagy göz öňünde tutuldy.
Demirgazyk Koreýa 100 baldan, hiç bir bal almadyk ýeke-täk ýurt boldy. Siriýa, Türkmenistan we Eritreýa bolsa, bir baldan aldylar.
Iň gowy bäşligi Daniýa, Şweýsariýa( hersi 95 bal), Norwegýa, Şwesiýa we Finliýandiýa 94 baldan aldylar.
Türkmenistan “krizis ýagdayndaky” ýurt toparyna düşüpdir.
Hasabatyň awtorlary “Türkmenistan köplenç reýtingiň iň ýaramaz bölümindee ýerleşýär”diýýärler.
“Geçen ýyl Türkmenistanda köp zat üýtgemedi. Prezident Berdimuhamedow bolsa, ýurdyň Covid-19-dan doly azatdygyny tekrarlapdy.
Aprel aýynda halkara guramanyň metbugat azatlgy boýunça ýaýradan “Serhetsiz Reportiýorlar 2021” hasabatynda Türkmenistan bir basgançak öňe geçip, 180-den 179 oruny eýeledi.Geçen ýyl Türkmenistan yzdan 2-nji ýeri, 2018-nji ýylda bolsa, iň soňky oruny eýeläpdi.The post Britaniýanyň söz azatlygy boýunça reýtinginde Türkmenistan Demirgazyk Koreýadan we Eritreýadan soňra yzdan üçünji oruny eýeledi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.