Afrikada ýylyň futbolçysy Sadio Mane

“Liwerpul” toparynyň senegally ýyldyzy Sadio Mane Afrikada ýylyň futbolçysy diýlip saýlandy. 447 ses alan Mane bu hormata ilkinji gezek laýyk görlüp, 27 ýaşly hüjümçi bu ugurda 20172018-nji ýyllaryň ýeňijisi, müsürli topardaşy Muhammed Salahdan (325 ses) hem-de baýragyň 2016-njy ýyldaky eýesi, “Mançester Sitiniň” alžirli oýunçysy Riýad Mahrezden (267 ses) öňe saýlandy.

Sadio Mane watandaşy El Hadži Diufdan soň (2001, 2002) bu baýragy alan 2-nji senegally, şeýle-de ol baýrak Afrika Futbol Konfederasiýasynyň guramaçylygynda berlip başlany bäri ony alan 18-nji futbolçy boldy.

Sadio Mane geçen 2019-njy ýylda kluby “Liwerpulyň” Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmagyna hem-de Senegalyň milli ýygyndysynyň Afrika Milletler Kubogynda finala çykmagyna uly goşant goşupdy.

Afrikada ýylyň futbolçysy baýragy 1992-nji ýyldan bäri Afrika Futbol Konfederasiýasy (CAF) tarapyndan berlip gelinýär. Şu wagta çenli bu baýragy iň köp kamerunly Samuel Eto’o bilen kot-d’Iuwarly Ýaýa Ture almagy başardy. Iki futbolçy hem 4 gezek yklymyň iň ökde oýunçysy saýlandy.

Ýene degişli makalalar

'Arkadagyň' Riýaddaky oýnuna ugradyljak türkmen janköýerleri saýlanýar
Bawariýa Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdy, Barselona - Inter - 3:3
… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
S7 Airlines resmi taýdan Türkmenistana dowamly howa gatnawlaryny dikeltdi, Turkmenportal saýtynda Awtosynyň 4-nji sany çykdy, Türkmenistanyň we Awstriýanyň ýokary okuw mekdepleri Ähtnama gol çekdiler
“Realyň” oýunçysy Karim Benzema “Altyn topuň” eýesi boldy
Goal: Messi — indiki Altyn top ugrundaky göreşde lider
Mane şikesli bolsa-da, Katara çagyryldy Senegalyň düzümi belli boldy