“Realyň” oýunçysy Karim Benzema “Altyn topuň” eýesi boldy

“Realyň” oýunçysy Karim Benzema “Altyn topuň” eýesi boldy

Madridiň “Realynyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Karim Benzema 2021/2022-möwsüminiň iň gowy futbolçysy hökmünde France Football-yň “Altyn topuna” eýe boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Baýragyň gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Pariždäki “Şatle” teatrynda geçirildi. 34 ýaşly Benzema “Altyn topuň” ilkinji gezek eýesi boldy. 2021-nji ýylda bu baýragy karýerasynda ýedinji gezek “Pari Sen-Žermeniň” we Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi aldy.

Benzema geçen möwsüm “Real” üçin 46 oýna gatnaşyp, 44 gol geçirdi we 15 netijeli geçirim etdi.Madridliler bilen bilelikde Ispaniýanyň çempionatynda we Super kubogynda, şeýle-de Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanyp, ähli ýaryşlarda iň gowy bombardir boldy.

Ol Çempionlar ligasynyň iň gowy oýunçysy boldy (15 gol, olardan 10-usy pleýý-offda), awgust aýynda bolsa Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň wersiýasy boýunça, 2021/22-möwsüminiň iň gowy oýunçysy hökmünde baýraga mynasyp boldy.

Iň gowy oýunçylaryň dörtlügine geçen möwsüm “Liwerpulda” oýnan, häzir “Bawariýada” çykyş edýän senegally Sadio Mane, “Mançester Sitiden” belgiýaly Kewin de Brýoýne, tomusda “Bawariýadan” “Barselona” geçen polşaly Robert Lewandowskiý hem girdi.

Lewandowskiý geçen möwsümiň iň gowy goleadory üçin baýraga Gerd Mýuller kubogyna eýe boldy. Angliýanyň “Mançester Siti” kluby iň gowy klub diýlip yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Messi ― 2022-nji ýylyň iň gowy futbolçysy
Goal: Messi — indiki Altyn top ugrundaky göreşde lider
FIFA ýylyň iň gowularyny yglan etdi: ýylyň iň gowy oýunçysy Lionell Messi
Ançelotti: Ronaldunyň döwri geçip barýar
2022-nji ýylda milli ýygyndylarda iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň reýtingi düzüldi
Barselona 14-nji gezek Ispaniýanyň Superkubogyna mynasyp boldy
Super “Barselona”