2022-nji ýylda milli ýygyndylarda iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň reýtingi düzüldi

2022-nji ýylda milli ýygyndylarda iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň reýtingi düzüldi

Futbolyň taryhy we statistikasy boýunça halkara federasiýa (IFFHS) 2022-nji ýylda milli ýygyndyda iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň reýtingini mälim etdi.

Reýting-sanawynyň başyny 22 gol bilen Argentinanyň milli ýygyndysynyň we PSŽ-niň hüjümçisi Lionel Messi çekýär. Onuň geçen ýylda diňe milli ýygyndyda geçiren gollarynyň sany 22-ä çykdy. Ikinji orundaky Mbappe bolsa ýyly 21 gol bilen jemledi. Ilkinji üçlüge Sitiniň hüjümçisi Hulian Alwares hem girdi ― 15 gol.

Ilkinji 10-luga Eldor Şamurodow (Özbegistan), Karim Benzema (Fransiýa), Muhammad Salah (Müsür) we Rişarlison (Braziliýa) ýaly futbolçylar hem girdi.

1. Lionel Messi (Argentina / PSŽ) 22 gol

2. Kilian Mbappe (Fransiýa / PSŽ) ― 21

3. Hulian Alwares (Argentina / Mançester Siti) ― 15

4-5. Erling Holand (Norwegiýa / Mançester Siti) ― 14

4-5. Sadio Mane (Senegal / Bawariýa) ― 14

6-7. Robert Lewandowski (Polşa / Barselona) ― 13

6-7. Pedro (Braziliýa / Santos) ― 13

8-11. Eldor Şomurodow (Özbegistan / Roma) ― 12

8-11. Muhammad Salah (Müsür / Liwerpul) ― 12

8-11. Karim Benzema (Fransiýa / Real) ― 12

8-11. Rişarlison (Braziliýa / Tottenhem) ― 12.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti RŽD-niň ýolbaşçysy bilen gepleşikleri geçirdi, Koreýa Respublikasynda Türkmen medeniýetiniň günleri geçiriler, Daşoguzda ÝUNESKO kluby açyldy, türkmen türgenleriniň üstünlikleri we beýleki habarlar
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Goal: Messi — indiki Altyn top ugrundaky göreşde lider
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
ÝÇL 1/8 final: Bawariýa myhmançylykda, Milan öz öýünde ýeňiş gazandy
Ançelotti: Ronaldunyň döwri geçip barýar