Messi ― 2022-nji ýylyň iň gowy futbolçysy

Messi ― 2022-nji ýylyň iň gowy futbolçysy

Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasy (IFFHS) 2022-nji ýylyň iň gowy futbolçysyny anyklady. Bu ada PSŽ-niň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi mynasyp boldy.

Geçirilen ses berlişikde 275 utuk toplan Leo garşydaşlaryny ep-esli yzda galdyrdy. Ikinji orundaky Kilian Mbappe 35, üçünjilikdäki Karim Benzema 30 utuk toplap bildi. Luka Modriç bilen Erling Holand degişlilikde 15 we 5 utuk bilen, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Messiniň bu baýraga karýerasynda ilkinji gezek mynasyp bolýandygyny aýtmak gerek. Geçen ýylda hem baýragy Robert Lewandowski gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Iň köp gazanç edýän futbolçylar Ronaldo ep-esli aratapawut bilen öňde barýar
Super “Real Madrid”
“Real Madrid” 4-nji gezek FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
2023-nji ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylary, Ronaldo ep-esli girdeji bilen öňde barýar
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi