Afrikanyň 345 milliondan gowrak ýaşaýjysy azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

Afrikanyň 345 milliondan gowrak ýaşaýjysy azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

Afrika ýurtlarynyň, esasan-da, Sudanyň, Efiopiýanyň we GAR-yň 345 milliondan gowrak ýaşaýjysy çynlakaý azyk gytlygyny başdan geçirýär diýip, düýn Gyzyl Hajyň Halkara Geňeşi (GHHG) habar berdi.

Ýagdaýyň howsala döredýändigi guramanyň Twitterdäki sahypasynda ýerleşdirilen habarynda bellenýär.

Maglumatlara görä, azyk önümleriniň ýetmezçiligi şeýle-de Burkina-Fasoda, Kongo Demokratik Respublikasynda, Kamerunda, Keniýada, Mawritaniýada, Malide, Nigerde, Nigeriýada, Somalide we Çadda hasaba alyndy.

Dünýäde emele gelen ýagdaý zerarly, Birleşen Milletler Guramasy Günorta Sudana azyk heläkçiligini ýeňmek üçin 426 million ABŞ dollaryny bölüp bermäge çagyrdy.

Geçen hepdede BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň bazarlar we söwda bölüminiň direktory Bubaker Ben-Belhassen Ukrainanyň töweregindäki ýagdaýyň dünýäde açlyk çekýänleriň sanyny 2022-2023-nji ýyllarda 11-19 milliona çenli artdyryp biljekdigi barada beýanat berdi.

Ol dänäniň, ösümlik ýagynyň we günebakar ýagynyň importyna güýçli garaşly bolan Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika döwletleriniň hem töwekgelçilige uçrajakdygyny nygtady. Hatda Bangladeş we Indoneziýa hem kyn ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz galdy diýip, Bubaker Ben-Belhassen sözüniň üstüne goşdy.

BMG-niň ählumumy krizis topary öň nutuk çap edip, onda bütin dünýäde 1,6 milliard adamyň açlyk we garyplyk howpunyň astyndadygy habar berlipdi. Bu barada www.interfax.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Milli Goranmak Ministri Akar Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär
Ýer Titremesinden Soň Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Türkiýäniň Nar eksporty 2020-nji ýylda rekord derejä ýetdi
Dünýä täsinlikleri
Afrika yklymy täze döwre gadam basýar