Milli Goranmak Ministri Akar Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

Milli Goranmak Ministri Akar Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, 15-nji halkara goranyş senagaty sergisi IDEF-iň 21-iň çäginde geçirýän özara duşuşyklaryny dowam etdirýär.

Ministr Akar, Çadyň Goranmak ministri Daoud Ýaýa Brahim, Burkina-Fasonyň Goranmak ministri Aime Barthelemy, Mawritaniýanyň Goranmak ministri Henena Ould Sidi we Ekwador Gwineýasynyň Goranmak ministri Okomo bilen duşuşdy.

Akar, Togonyň Goranmak ministri Gnakade bilen hem duşuşdy. Duşuşykda iki kärdeş Harby hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.

Milli Goranmak ministri Akar IDEF-21-iň çäginde Ruminiýanyň Prezidentiniň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Ion Oprişory hem kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Afrikanyň 345 milliondan gowrak ýaşaýjysy azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär
Ýer Titremesinden Soň Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Türkiýäniň Nar eksporty 2020-nji ýylda rekord derejä ýetdi
Dünýä täsinlikleri
Marokka bilen sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin şertnamasy