Afrikanyň Milliler kubogynyň çempiony Kot-d' Iwuar boldy

Afrikanyň Milliler kubogynyň çempiony Kot-d' Iwuar boldy

Afrikanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan şu ýyl 34-nji gezek geçirilýän turniriň finalynda Nigeriýa bilen ýer eýesi Kot-d' Iwuar özara bäsleşdi.

Kot-d' Iwuar 1-0 hasabynda ýeňilip gelýän duşuşygyň ahyrynda Nigeriýany 2-1 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden gelip, ýaryşyň çempiony boldy.

Kot-d' Iwuaryň çempion bolan duşuşykda gollary garşydaş ýygyndynyň derwezesine 62-nji minutda Frank Kessi we 81-nji minutda Sebastian Haller geçirdi.

Nigeriýanyň ýeke täk goluny bolsa 38-nji minutda Willion Troost-Ekong geçirdi.

Kot-d' Iwuar taryhynda 3-nji gezek Afrikanyň kubogyny gazandy.

Kot-d' Iwuar ozal bolsa 1992-nji we 2015-nji ýyllarda Afrikanyň çempiony bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
Afrikanyň Milletler kubogynyň çärýek final tapgyrynyň ähli jübütleri belli boldy
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Sportuň taryhynda bu hepde
Ýene-de näme goşmaly?!
18-nji Dünýä Kubogy