Afroditanyň heýkeli auksiona çykaryldy

1967-nji ýylyň 25-nji iýunynda hemra arkaly ilkinji gezek 25 ýurtda görkezilen Beatles-iň çykyşynda arka sahnada goýlan gözelligiň we söýginiň hudaýy Afroditanyň heýkeli Liwerpuldaky auksiona çykaryldy.

Beýikligi bir metre deň bolan bu heýkel aýna süýüminden ýasalyp, onuň daşy ýörite birleşme bilen örtülendir. Heýkel Jon Lennonyň arkasyndaky sahnada, Liwerpul dörtlüginiň Biziň dünýämiz atly konsertinde eden çykyşynda goýuldy. Bu konserte 19 ýurtdan gelen aýdymçylar we sazandalar gatnaşypdy. Heýkeliň deslapky bahasynyň 15-20 müň funt sterling (20,7-27,7 müň dollar) boljakdygy habar berilýär.

Maglumatlara görä, heýkel Londonyň dükanlarynyň birinden satyn alnyp, Jon Lennon, Pol Makkartni, Jorj Harrison we Ringo Starryň oturgyçlarda oturan studiýasyndaky toplumy bezän diňe bir elementdir.Bu heýkel Grammy baýragynyň iki gezek eýesi, ses režissýory Jeff Emerigiň Londondaky bagynda 45 ýyllap saklandy.

Rolling Stone žurnalynyň habaryna görä, The Beatles toparynyň agzalary ähli döwürleriň iň beýik sungat işgärleridir.Toparyň ses ýazgylarynyň satylan nusgalarynyň sany 600 milliondan geçdi.

Ýene degişli makalalar

“The Beatles” toparynyň täze suratlary
Awtobiografik eser 2021-nji ýylda çykar
Bank ulgamyndaky korrupsiýa 'maliýe batgalygyna' öwrülip, mätäç adamlary 'özüne çekýär'
TÜRKMEN TALYPLARY LOMONOSOW2026 HALKARA FORUMYNDA EMELI AŇ TASLAMALARYNY HÖDÜRLEDILER
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Türkmen wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar