Medeniýet we Jemgyýet

Awtobiografik eser 2021-nji ýylda çykar

Meşhur britan aýdym-saz topary The Beatles hakda awtobiografik kitap 2021-nji ýylyň awgust aýynda satuwa çykar.Terjimehal beýan edilýän täze eser The Beatles Get Back diýlip atlandyryldy.

Kitap, toparyň iň soňky studiýa albomy bolan Let it be-niň döredilmeginiň taryhyna bagyşlanýar.The Beatles Get Back soňky 20 ýylda ady rowaýata öwrülen dört şahs hakdaky ilkinji kitapdyr.

Toparyň ilkinji terjimehaly 2000-nji ýylda neşir edilipdi.Kitapda 1960-njy ýyldan 1970-nji ýyla çenli bolup geçen wakalar barada gürrüň berilýär.Sazandalaryň ýazga geçiren gepleşikleri awtobiografik kitabyň özenini düzer.

Kitabyň girişini tanymal iňlis ýazyjysy Hanif Kureýşi ýazar. Şeýle hem, Liwerpul dörtlüginiň muşdaklary toparyň öň näbelli bolan köp sanly suratlaryny synlap bilerler.

The Beatles topary 1960-njy ýylda döredilýär.Onuň düzümine Jon Lennon, Pol Makkartni, Jorj Harrison we deprekçi Pit Best dagy girýär, ýöne 1962-nji ýylda deprekçiniň ýerine Ringo Starr gelýär. 1962-nji ýyldan 1970-nji ýyla çenli Liwerpul dörtlügi köp million nusga bilen ýaýradylan 12 albomyny, 13 mini-albomyny we 22 grammofon plastinkasyny çykarýar.

Toparyň soňky studiýa albomy Let it be 1970-nji ýylda çykýar.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar ligasynda ýene-de 2 klub 1/8 finala çykdy
25-nji noýabr
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
Hünärmenler geljekde COVID-sanjym bazaryny ýylda $10 milliarddan gowrak diýip bahalandyrdylar
“Liwerpul” bilen “Porto” 1/8 finala çykmagy başardy