“The Beatles” toparynyň täze suratlary

“The Beatles” aýdym-saz toparynyň ozal belli bolmadyk täze suratlary tapyldy. “Liwerpul dörtlüginiň” 60 fotosuraty ýaponiýaly belli suratçy Kosudzi Abeniň plýonkalary şekile öwürmek üçin işleýän garaňky otagyndan ýüze çykaryldy.

Suratlarda ansamblyň 1966-njy ýylyň tomsunda Ýaponiýa saparyndaky pursatlary şekillendirilipdir. Şekilleriň awtory Kosudzi Abe şol birwagtyň özünde pop-sazandasy hem bolup işläpdir we “bitller”-e öz ýurdunda sazandarlyk etmek bagty miýesser edipdir.

Ussat suratçy 10 ýyl mundan ozal, aradan çykýar.Onuň şol ýyllarda alan suratlarynyň negatiwini bolsa, golaýda onuň öýünden tapypdyrlar.Bilermenler 1966-njy ýylyň 2-nji iýunynda Tokioda alnan bu suratlaryň aýratyn gymmatynyň bardygyny aýdýarlar. Çünki toparyň şol çykyşyndaky suratlary häzirki günlere çenli ýok hasaplanýardy.

Indi toparyň Ýaponiýanyň Haneda aeroportuna gelen pursatyndan başlap, olaryň gostrolynyň nähili geçendigi bilen tanyşmak mümkin.“The Beatles” topary 1960-njy ýylda döredilýär.Onuň düzümine Jon Lennon, Pol Makkartni, Jorj Harrison we deprekçi Piter Best giripdir, ýöne ony 1962-nji ýylda Ringo Starr çalşypdyr. 1962-nji ýyldan 1970-nji ýyla çenli “liwerpul dörtlügi” köp million nusga bilen ýaýradylan 12 albomyny, 13 mini-albomyny we 22 singlini çykardy.

Toparyň soňky studiýa albomy “Let it be” 1970-nji ýylda çykdy.Pol Makkartni we Ringo Starr şol günden bäri döredijilik bilen meşgullanmagyny dowam etdirýärler aýdym ýazýarlar we bütin dünýäde çykyş edýärler. “Rolling Stone” neşiri “The beatles” toparyny ähli döwürleriň iň beýik aýdymçylarynyň sanawynda birinji orunda goýýar.

Ýene degişli makalalar

Bolşaýa Aziýa teleýaýlymy Türkmenistan hakynda gepleşikleri görkezer, Gyzyl kürte filmi Merkezi Aziýanyň iň gowy filmi baýragyna hödürlenildi, Türkmenistanda pagtanyň täze sorty döredildi we beýleki habarlar
Awtobiografik eser 2021-nji ýylda çykar
Afroditanyň heýkeli auksiona çykaryldy
“Harry Potter” filmleriniň professory Dambldor aradan çykdy
10 milliard dollara ýetdi
Milli boks çempionatynyň finalçylarynyň atlary belli boldy