Agrosenagat problemalary. Ýer almaga isleg bildirýän barha azalýar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji maýda, soňky aýlarda ikinji gezek, ýurduň agrar pudagyndaky reformalaryň örän haýal alnyp barylýandygyny aýdyp, oba hojalygy boýunça wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewi tankytlady.

Şeýle-de prezident daýhanlaryň işinden nägilelik bildirdi, ýagny “bar bolan mümkinçiliklere, daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti üçin amatly şertleriň döredilýändigine döredilýändigine garamazdan, agrar senagat toplumyndaky özgertmeleriň örän haýal ilerleýändigini” aýtdy.

“Ýurtda oba hojalyk önümlerini esasy öndürijiler daýhan birleşikleri bolup galýar, olaryň köpüsi ýitgi çekip işleýär. Obalardaky telekeçileriň zähmet öndürijiligi daýhanlaryňky bilen deňeşdirilende 3-4 esse ýokary” diýip, prezidentiň sözleri sitirlenýär.

Türkmenistanda daýhan birleşiklerinden başga daýhanlaryň hususy bileleşikleriniň, telekeçiler diýilýänleriň hem bardygyny bellemek gerek. Olar netijeli işleýärler, sebäbi haýsy ekini ekmelidigini özleri saýlap alyp bilýärler, kredit alamga mümkinçilikleri bar we şuňa meňzeşler.

Haçanda telekeçiler ýa telekeçiler topary banklara kredit üçin ýüz tutanlarynda, olar ol ýere öz biznes-proýektlerini hödürleýärler.Mysal üçin, maldarçylyk boýunça.Bu hili ýagdaýda olar iým ösdürip ýetişdirjeklerini aýdýarlar. Ýa-da bolmasa, mysal üçin, olar miwe önümlerini öndürip, ony gaýtadan işlemegi planlaşdyrýandykalryny, şuňa laýyklykda kärende ýerlerinde miwe ýetişdirjeklerini aýdýarlar.

Eger bank kredit baradaky talaby kanagatlandyrsa, telekeçiler öz planlary boýunça işleýärler.

Soňky döwürde telekeçileri sany köpelýär. Aýdaly, “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty 2016-njy daýhan birleşikleriniň 2015-nji ýylda 10% azalandygyny, hususy hojalyklarynyň sanynyň bolsa 30% köpelendigini habar berdi.

Dşwletden kärendesine ýer alyp, oba hojalyk önümlerini öndürmek isleýän kolhozçylar, daýhan birleşikleriniň agzalary barha azalýar.Sebäbi daýhan birleşiklerinde haýsy ekiniň we näçe möçberde, haçan ekilmelidigini, haçan hasylyň ýygnalmalydygyny döwletiň öz kesgitleýär. Şeýle-de daýhan birleşikleriniň agzalaryna öz ýetişdiren hasylyny özbaşdak ýerlemek gadagan, döwlet olaryň öndüren önümlerini arzan bahadan, satyn alyş nyrhlaryny ýyllarboýy ýokarlandyrmazdan satyn alýar we berlen plan tabşyryklaryny ýerine ýetirmedik daýhanlara jerime salýar.

Şu sebäpden ýerli häkimiýetler býujet işgärlerini ýboşan kärende ýerlerini almaga mejbur edýärler. “Azatlyk” radiosynyň habaryna görä, Balkan welýatynyň häkimiýetleri Serdar (ozalky Gyzylarbat), Bereket (Gazanjyk) we Magtymguly (Garrygala) etraplaryndaky mekdep mugallymlaryny, soňra mugallymlara geçirmek üçin, döwletden kärendesine ýer almaga mejbur edýärler.

Regional admnistarsiýalaryň, şeýle-de bilim we saglygy saklaýyş edaralarynyň ýolbaşçylary 2324-nji maýda mekdep direktorlary bilen ýygnak geçirdiler we olaryň miwe hem-de bakja önümlerini ýetişdirmek üçin 15-20 gektar möçberinde kärende ýer almaklaryny talap etdiler.

Balkan welaýatynyň etrap adminstarsiýalarynyň wekilleri bu görkezmäniň “ýokardan” berlendigini, talaby ýerine ýetirmekden boýun gaçyran mugallynmlara garşy çäre görüljekdigini aýtdylar. Şol bir wagtda mugallymlara bölünip berlen ýer uçastoklarynyň käbiri 200-350 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Turkmenportal resminamalar kabul edişligi heniz dowam etýän okuw jaýlarynyň sanawyny hödürleýär
Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi atly halkara ylmy-amaly maslahat
Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişi başlanar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň CGTN teleýaýlymyna beren interwýusy
Agrosenagaty ösdürmek programmasynyň çäginde prezident regionlarda ýaşaýyş jaýlaryny köp gurmagy tabşyrdy