Agrosenagaty ösdürmek programmasynyň çäginde prezident regionlarda ýaşaýyş jaýlaryny köp gurmagy tabşyrdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň sebitlerinde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň, sosial eadaraalryň gurulmagyny tabşyrdy. Bu tabşyryk 17-nji ýanwarda agrosenagat toplumyny ösdürmäge bagyşlanyp geçirilen wideokonferensiýanyň çäginde berildi.

Welaýatlary ösdürmegiň maksatnamalarynyň taslamalarynda ilaty, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmek boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

TDH-nyň habar bermegine görä, has kän ýaşaýyş desgalary gurulmaly, sebäbi ýurduň senagatyny we oba hojalygyny ösdümek wezipeleri sosial aspekt bilen baglanyşykly.

“Regionlary ösdürmek baradaky programmalaryň taslamalarynda ilaty, hususan-da ýaşlary iş bilen üpjün etmek meselesi göz öüňnde tutulmaldy” diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Prezident “agrosenagat toplumyna hususy telekeçileri çekmek arkaly ýurtda azyk bolçulygyny döretmek, importuň ornuny tutýan önümçiligi, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek” baradaky pikirlerini ýene bir gezek gaýtlady.Berdimuhamedow bu pikirini birinji gezek 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda, dikeldilen Halk maslahatynyň ilkinji mejlisinde eden çykyşynda öňe sürdi. Şonda ol “has pes önümçilik görkezijileri bolan daýhan birleşikleriniň ýerlerini alyp, ol ýerleri ýerden has gowy peýdalanmak ukyby bolan önüm öndürijilere bermegi” teklip etdi.

Berdimuhamedow reginlardaky ösüşe mysal edip, karbamid we polietilen öndürýän zawodlaryň gurlandygyny agzady hem-de region ýolbaşçylaryna “sebitlerde täze senagat kärhanalaryny gurmak üçin daşary ýurt maýalaryny çekmek işini güýçlendirmegi” talap etdi.

Belleýäris, regionlaryň ýaşaýjylary ýurtdaky ykdysady krizisden agyr zyýan gördüler.Esasy azyk önümleriniň ýetmezçiligi we işsizlik Türkmenistanyň raýatlarynyň iş gözläp, köpçülikleýin ýurtdan gitmegine alyp geldi.

1 of 2

Ýene degişli makalalar

Rysgal-bereketli, döwletli Watan
Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna badalga berildi
Şaly harmany beýgelýär
Türkmenistanda planly ykdysadyýetden dynmagy karar etdiler
Kosmos syýahatçylygyna girişýär
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda