Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişi başlanar

Agrosenagat toplumyny ösdürmegiň meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň esasy mowzuklarynyň birine öwrüldi.Maslahatyň dowamynda wise-premýer T.Atahallyýew ýazky meýdan işlerine doly taýýarlyk barada hasabat berdi. Ýokary hilli tohumlar, şeýle hem ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we enjamlar ýurdumyzyň pagtaçylary üçin öz wagtynda taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti 25-nji martda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.Däp bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululardan gowaça ekişine bismilla bilen başlap bermeklerini haýyş edip, edermen pagtaçy babadaýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mundan başga-da, bugdaý ekinlerine ideg etmekde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi boýunça degişli tabşyryklar berildi.

Ýene degişli makalalar

Turkmenportal resminamalar kabul edişligi heniz dowam etýän okuw jaýlarynyň sanawyny hödürleýär
Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi atly halkara ylmy-amaly maslahat
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň CGTN teleýaýlymyna beren interwýusy
Agrosenagat problemalary. Ýer almaga isleg bildirýän barha azalýar