Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy iýunda geçiren iş maslahatynda görülýän çärelere garamazdan, býrokratiýanyň ýurduň ykdysady pudagyna edýän basyşygnyň şu wagta çenli agdyk gelýändigini aýtdy.
Prezident işiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde, ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, bazar ykdysadyýeti gatnaşyklaryna geçilmegini çaltlandyrmakdan ybarat bolup durýandygyny aýtdy.
“Döwlet diňe ýurdumyzyň howpsuzlygyny we goranmak ukybyny üpjün etmek boýunça häkimiýet ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak üçin, zerur bolan emlägi dolandyrmalydyr. Täzeliklere we täze tehnologiýalara esaslanýan ykdysady pudagy emele getirmek, ýurdy senagatlaşdyrmagy düýpli tizleşdirmek zerur” diýip, TDH döwlet baştutanynyň sözlerini sitirleýär.
Bellemek gerek, häzir Türkmenistanyň ykdysadyýeti planly ykdysadyýet bolup durýar. Ähli zawodlar we beýleki senagat kärhanalary döwletiň hasabyna gurulýar we döwlet tarapyndan kontrollykda saklanýar. Munuň soňky mysallarynyň biri-de Garlyk dag-magdan baýladyryjy kombinatydyr.
Agrosenagat pudagynda hem ähli mesele, daýhanlaryň nähili ekin ekmelidigi we näçe mukdarda hasyl almalydygy döwlet tarapyndan kesgitlenýär, daýhanlaryň öz ýetişdiren hasyllaryny islän ýerinde satmaga haky ýok we döwlet ol hasyly iň arzan bahalardan satyn alýar.
Eger döwlet plany doldurylmasa, daýhanlar jerime tölemeli bolýar ýa kärende ýerinden mahrum edilýär. 23-nji maýda prezident ýene bir gezek ýurduň agrar pudagynyň işini tankytlady we dahýan hojalyklarynyň işini, hususyýetçiler bilen deňeşdirilende, zyýanly diýip atlandyrdy.
