Agry dagy

Agry dagy

Agry dagynyň Anadoly ýarymadasynyň we Ýewropanyň iň belent dagydygyny bilýäňizmi?

Türkiýäniň iň belent depesi bolan Agry dagy, 5137 metrlik belentligi bilen Ýewropanyň hem iň belent daglaryndan biri. Agry dagy belentligi bilen dünýäniň çar tarapyndan gelýän dagçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Agry dagy, Türkiýe, Eýran we Ermenistan serhetiniň çatgyrynda ýerleşýär. Gündogar Anadolyda ýerleşýän we wulkanyki dag bolan Agry dagy adyny ibrani dilinde we günbatar dillerinde Ararat hökmünde bilinýär.

130 kilometrlik meýdanda ýerleşýän dagyň depesi 4 möwsümde hem buz gatlaklary bilen örtülýär. Türkiýäniň iň belent depesi bolandygy üçin “Türkiýäniň üçegi” hökmünde hem bilinýär.

Marko Polo Agry dagyny “çykylmagy kyn dag” hökmünde häsiýetlendirýär. İlkinji gezek 1829-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Prof Frederik Won Parat daga dyrmaşypdyr.

Türk dagçylary bolsa ilkinji gezek 1970-njy ýylyň 21-nji fewralynda Agry dagyna çykypdyr. Agry dagyna ilki Türkiýäniň Dagçylyk federassiýasynyň ozalky başlyklaryndan Dr. Bozkurt Ergör çykypdyr.

Soňky ýyllarda hem birnäçe gezek gyş paslynda Agry dagyna çykylypdyr, emma agyr gyş şertleri has köp dagçynyň dagyň depesine çykmagyny bökdäpdir.

Agry dagyna çykmak üçin iýul, awgust we sentýabr aýlary bilen fewral aýlary iň amatly aýlardyr.

Agry dagy belentligi, buz gatlagy, ynsanlary, al-ýaşyl güller bilen bezelen çaýyrlary bilen ünsleri özüne çekýär.

Keramatly kytaplarda hem ýer alýan Agry dagynyň rowaýatlarda Uly tupandan soň Nuhyň gämisine hem ýer eýeçiligini edendigi aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Niderlandlaryň medeniýeti
Tomus lezzeti doňdurma
80 million dollarlyk duşuşyk geçirildi
Syýahatçylygy dikeltmekde öňdeligi eýeleýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gowulykdan başga ähli zat serialynyň aktýorlaryna heýkel dikildi