Aguero 15-nji dekabrda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim eder

Aguero 15-nji dekabrda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim eder

Barselonanyň metbugat gullugy 15-nji dekabrda hüjümçi Serhio Agueronyň we klubyň prezidenti Žoan Laportanyň gatnaşmagynda metbugat ýygnagynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Onda oýunçynyň geljegi barada aýdylar diýip, championat.com habar berdi.

Ýygnak Kamp Nou stadionynda geçiriler.Bu metbugat ýygnagynda Agueronyň saglyk meseleleri sebäpli karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etmegine garaşylýar. Ýadymyzda bolsa, Ispaniýanyň çempionatynyň 12-nji aýlawynyň “Alawes” (1:1) bilen geçirilen oýnunyň birinji ýarymynda hüjümçi tahikardiýa sebäpli çalşylypdy. Şonda seresaplylyk üçin oýunçy meýdançadan çykaryldy.

Duşuşykdan soň Agueronyň özüni duýşunyň gowudygy habar berildi.Soňra bolsa hüjümçiniň ýürek meselesi sebäpli azyndan üç aýlap oýnamajakdygy belli boldy.Aguero şu ýylyň iýul aýynda "Mançester Siti"-den "Barselona" geçdi.

Ýene degişli makalalar

Aguero ýürek näsazlygy sebäpli üç aý oýunlardan çetleşdi
Serhio Aguero 33 ýaşynda karýerasyny tamamlady
Diňe “Ýuwentus” galdy
Holann het-trikleriň hökümdary
APL-yň 22-nji tapgyry Keýniň ýubileý goly bilen tamamlandy
Barselona bassyr dördünji gezek El-Klasikoda Realdan ýeňildi