Serhio Aguero 33 ýaşynda karýerasyny tamamlady

Serhio Aguero 33 ýaşynda karýerasyny tamamlady

"Barselonanyň" we Argentinanyň milli ýygyndysynyň 33 ýaşly hüjümçisi Serhio Aguero özüniň karýerasyny tamamlaýandygy barada resmi taýdan yglan etdi. Bu barada BetON habar berdi.

Ýadymyzda bolsa, 30-njy oktýabrda La Liganyň 11-nji aýlawynyň “Alawes” (1:1) bilen geçirilen oýnunda argentinaly oýunçynyň saglygy birden ýaramazlaşdy. Serhio meýdançanyň daşyna çykarylyp, onuň ýerine başga oýunçy girdi. Şondan soň oňa ýürek aritmi diagnozy goýuldy. Lukmanlar futbolça professional sportdan ýüz öwürmegi maslahat berdiler.

Aguero "Barselona" tomusda geçipdi. Ondan öň ol 10 ýyllap "Mançester Siti" toparynda çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Holann het-trikleriň hökümdary
APL-yň 22-nji tapgyry Keýniň ýubileý goly bilen tamamlandy
“Leganes” “Barselonany” myhmançylykda ilkinji gezek ýeňdi
Aguero ýürek näsazlygy sebäpli üç aý oýunlardan çetleşdi
Aguero 15-nji dekabrda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim eder
Diňe “Ýuwentus” galdy