Aguero ýürek näsazlygy sebäpli üç aý oýunlardan çetleşdi

Aguero ýürek näsazlygy sebäpli üç aý oýunlardan çetleşdi

“Barselonanyň” hüjümçisi Serhio Aguero üç aý oýunlardan çykdy. Bu barada klubuň resmi Twitteri habar berýär diýip, sport-express.ru belleýär. Öň, onda ýürek aritmiýasynyň bardygy belli boldy.

Habar berlişi ýaly, hüjümçi lukman tarapyndan bellenilen anyklaýyş we bejergi amallaryndan geçdi. Ýakyn üç aýyň dowamynda ol meýdança dolanyp bilmez.Bu döwürde saglygy dikeltmegiň takyk möhletini kesgitlemek üçin bejergi işiniň netijeliligine baha berler.

Geçen şenbe güni Aguero Ispaniýanyň çempionatynyň “Alawes” bilen oýnunyň 41-nji minutynda meýdançadan çykdy. “Barselona” Agueronyň döşünde agyry duýandygyny, şol sebäpli hassahana iberilendigini habar berdi. Şu möwsümde 33 ýaşly oýunçy “Barselona” üçin bäş oýna gatnaşdy we bir gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Aguero 15-nji dekabrda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim eder
Serhio Aguero 33 ýaşynda karýerasyny tamamlady
Diňe “Ýuwentus” galdy
Holann het-trikleriň hökümdary
APL-yň 22-nji tapgyry Keýniň ýubileý goly bilen tamamlandy
Finalda “Çelsi” bilen “Mançester Siti” duşuşar