“Ahal” “Aşgabady” ynamly ýeňmegi başardy

“Ahal” “Aşgabady” ynamly ýeňmegi başardy

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 6-njy tapgyrynda “Ahal” topary “Aşgabat-dan” üstün çykmagy başardy. Duşuşyk paýtagtyň “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilip, 3:1 hasap bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 55-nji minutynda “Aşgabat” toparynyň ýarymgoragçysy Döwran Orazalyýew garşydaş derwezä ilkinji goly geçirdi, şeýle-de bolsa, 68-nji minutda Arslanmyrat Amanow hasaby deňledi. 9 minut geçenden soň, Amanow ikinji pökgüsi bilen tapawutlanyp, “Ahal” toparyny öňe saýlady. Duşuşykda ýer eýelerinden üçünji pökgini 11 metrlik jerime urgusy bilen ýarymgoragçy Elman Tagaýew tora girizdi.

Oýnuň 70-nji minutynda “Aşgabat” toparynyň goragçysy Myrat Amantaganowyň 2 sany sary kart almagy bilen, toparyň duşuşygy 10 futbolçy bilen tamamlandygyny bellemelidiris.

Häzir “Ahal” topary 16 utuk toplap, Türkmenistanyň çempionatynda öňdäki orny eýeleýär. “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň topary iň ýakyn bäsdeşi “Şagadam” toparyndan 3 utuk öňde barýar. “Aşgabat” bolsa 5 utuk bilen bäşinji orunda durýar.

Indiki tapgyrda “Ahal” topary “Merw” bilen, “Aşgabat” bolsa “Şagadam” topary bilen duşuşar.

Statistika bilen gyzyklanýanlar üçin maglumatlar:

Türkmenistan futbol boýunça çempionaty 2021. 6-njy tapgyr.

“Ahal” “Aşgabat” — 3: 1 (0:0);

2021-nji ýylyň 15-nji noýabry. Aşgabat. “Aşgabat” stadiony;

Gollar: Arslanmyrat Amanow 68, 77, Elman Tagaýew 90 + 5 (jerime urgusyndan) — Döwran Orazaliýew 55; Duýduryşlar: 16 Şöhrat Söýünow, 22 Didar Durdyýew, 56 Ata Geldiýew — 32 Röwşen Baýlyýew, 57 Döwran Hojamämmedow, 67 Myrat Amantaganow, 90 + 5 Ezizmämmet Orazmämmedow; Oýundan çykarylan: Myrat Amantaganow 70, 2-nji duýduryş (“Aşgabat”); Duşuşygyň emini: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat); Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat), R.Ereşow (Türkmenabat); Ätiýaçdaky emin: Babanazar Haknazarow (Aşgabat); Duşuşygyň gözegçisi: B.Atajanow (Aşgabat); Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat).

Ýene degişli makalalar

TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ýubileý duşuşygyny geçirdi
Ahal taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp