Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin telefon ulgamyna onlaýn töleg etmek hyzmaty girizildi

Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin telefon ulgamyna onlaýn töleg etmek hyzmaty girizildi

Türkmentelekom EAK-nyň Ahal welaýatyndaky müşderileri üçin şäher telefon ulgamynyň hyzmatlaryna onlaýn töleg geçirmek mümkinçiligi döredildi. Bu barada aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Öý telefonlarynyň hasabyna tölegleri Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlarynyň internet-portalynyň resmi saýty arkaly geçirip bolýar.

Tölegiň bu görnüşi iOS hem-de Android platformalary üçin niýetlenen e.gov.tm ykjam goşundysynda hem elýeterlidir. Tölegi Altyn Asyr bank kartlary arkaly geçirip bolýar.

Ulanyjylar telefon hyzmatynyň tölegini Döwlet hyzmatlar portalynda hasaba durmak bilen, saýtyň baş sahypasyndaky Aragatnaşyk hyzmatlary bölümine girip ýa-da e.gov.tm ykjam goşundysy arkaly amala aşyryp bilerler.

Müşderiler bölüme gireninden soň, Telekom Telefon düwmesine basmaly, soňra bolsa degişli ýeri görkezip (Ahal), etrabyny saýlamaly hem-de öý telefonynyň belgisini girizmeli.

Soňra bolsa geçiriljek tölegiň mukdaryny görkezip, tölemek düwmesine basmaly. Degişli amallar ýerine ýetirileninden soň, müşderi tölegi tassyklamagy soraýan SMS habaryny alar we töleg tassyklanan dessine telefonyň hasabyna gysga wagtda töleg geçiriler.

Döwlet hyzmatlarynyň internet-portalynyň töleg hyzmatlary yzygiderli özgerdilýär. Ozal bolsa, bu ugurda Aşgabat şäheriniň ulanyjylary üçin Internet, IPTV, öý hem-de ykjam telefonlar, şeýle-de elektrik energiýasy, gaz we suw ýaly jemagat hojalygy hyzmatlary üçin onlaýn töleg geçirmek mümkinçiligi ýola goýlupdy.

Ýene degişli makalalar

'Lebaptelekom' sebitde GPON tehnologiýasyny ornaşdyrýar, ýapyk saýtlar petik astynda galýar
Hujand Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Türkmenistanda tölegli telekanallar birnäçe gün işlemeýär
Aşgabat stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygy Türkmenistan Sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar
Pahtakor — Ahal oýnuna nähili tomaşa edip bolar
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy