Türkmenistanda tölegli telekanallar birnäçe gün işlemeýär

Türkmenistanda tölegli telekanallar birnäçe gün işlemeýär

Türkmenistanda tölegli käbir telekanallar işlemeýär. Töleglerini ençeme wagt öňünden töläp goýan ulanyjylar sebäbini bilmeýärler. Bu aralykda ýurduň käbir böleklerinde satellit kanallaryny görmäge mümkinçilik berýän "Telekarta" hyzmatyna garşy çäreler geçirilýär. Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky we welaýatdaky habarçylary ýagdaýy anyklamaga synanyşdylar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy tölegli telekanallaryň ýekşe güni birden öçendigini we henizem ýokdugyny habar berdi.

"Tölegli telekanallar 'Parahat' etrapçalarynda birden öçdi. Sebäbini düşündirmediler, emma puluny yzyna berjek diýdiler. Men her aýyna 15 manatdan noýabra çenli töläpdim" diýip, Aşgabatdaky habarçy gürrüň berdi.

Habarçymyz, paýtagtda şeýle hyzmatlary bilen üpjün eden hususyýetçileriň indi olaryň döwletiň gözegçiliginde boljagyny aýdýarlar diýýär.

Bu aralykda welaýatlardaky habarçylarymyz öz ýaşaýan ýerlerinde satellit telekanallaryny görmäge mümkinçilik berýän "Telekartanyň" satylmagyna garşy çäre görülýändigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, Türkmenistana Russiýadan getirilýän "Telekartany" hususan-da, TW enjamlaryny satýan dükanlar satýardy. Indi bolsa, satyjylar "Telekartyny" satmagyň we birnäçe aýlyk ýa-da 1 ýyllyk hyzmatlaryny uzaltmagyň gadagan edilendigini müşderilerine habar berýäler.

"Ol kartalary indi satmak gadagan we uzaldyp bermek hem gadagan. Biz indi rus 'Telekartyny' satsak onda uly jerime tölemeli bolýarys" diýip, dükan satyjysy aýtdy.

Russiýanyň “Telekarta” sputnik kanallary bilen üpjünçilik ulgamy Russiýanyň çäginde sputnik kanallaryny efire berýär.

Şeýle-de, satyjy indi diňe "TürkmenÄlem" kartynyň satuwda bardygyny aýdyp, özlerine diňe şony satmak rugsat berlendigini belledi we şeýdip, onuň müşderileriniň sanynyň artdyryljakdygyny sözüniň üstüne ýetirdi.

Türkmen metbugatyna görä, “Älem TW” ýerli ulanyjylara aýlyk 40 manada “Sada”, 50 manada “VIP” bukjalaryny hödürleýär.

Tölegli telekanallaryň käbiriniň häzirki petiklenişiniň sebäplerini aragatnaşyk ulgamynyň resmilerinden anyklap bolmady.

Türkmenistanyň telewideniýesi döwletiň doly gözegçiligide saklanyp, onuň gepleşikleri syýasy propagandany we şahsyýet kultuny wagyz etmeklige bagyşlanýarka, ilat köpçüligi satellit arkaly daşary ýurt telewideniýesine tomaşa etmegi saýlaýar. Rus, türk we özbek telekanallaryna ýurtda köp tomaşa edilýär.

Satellit arkaly ýaýlyma berilýän telekanallara adatça çanak antennalary arkaly, ýa IPTV hyzmatlarynyň üsti bilen tomaşa edilýär. Russiýanyň “Telekarta”, ýa-da Türkiýäniň “Digiturk” ýaly prowaýderleriniň TW kartlaryny çanak antennalaryny ulanmak arkaly ýa-da Internet arkaly, ýa-da kart paýlaşma hyzmatlary arkaly ulanyp bolýar.

Soňky ýyllarda daşary ýurt telekanallaryny görkezýän ulgamlar we hymatlar ýurtda wagtal-wagtal petiklenýär.

Iýun aýynda Türkmenistanda kart paýlaşma’ hyzmatlary arkaly tomaşa edilýän emeli hemra TW kanallary petiklenipdi. "Kartşeýring", ýagny "kart paýlaşma" hyzmatlary Türkmenistanda tölegli satellit TW kanallaryna tömaşa etmegiň usullarynyň biri bolup, ol tölegiň bahasyny arzanladýandygy sebäpli ilat arasynda meşhur hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Türkmenistanda kart paýlaşma’ hyzmatlary arkaly tomaşa edilýän emeli hemra TW kanallary petiklendi
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Tölegleri Milli Pul Birliginde Geçirdi
Älem TV AŞTU-nyň we Türkmentelekomyň müşderilerine indi IPTV-ni hem hödürleýär
eKassa ykjam programmasy AŞTU hyzmatlarynyň amatly tölegi
AŞTU müşderilerine telekommunikasiýa hyzmatlary üçin tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar