Älem TV AŞTU-nyň we Türkmentelekomyň müşderilerine indi IPTV-ni hem hödürleýär

Älem TV AŞTU-nyň we Türkmentelekomyň müşderilerine indi IPTV-ni hem hödürleýär

Ýewropanyň we Aziýanyň ýörgünli teleýaýlymlaryny, meşhur sport, rus, türk, özbek we hindi teleýaýlymlaryny gije-gündizleýin hödürleýän Älem TV telewideniýe operatory indi AŞTU-nyň hem-de Türkmentelekom EAK-nyň müşderileri üçin IPTV hyzmatyny hem elýeterli etdi.

AŞTU-nyň hem-de Türkmentelekomyň hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderiler indi Älem TV IP telewideniýesini hem aňsatlyk bilen birikdirip bilerler.

Älem TV telewideniýe operatory IPTV hyzmatynynden 15-nji sentýabra çenli mugt peýdalanmagy teklip edýär. Soňra her aýlyk töleg 50 manat.

Türkmenistanyň ilkinji TürkmenÄlem 52°E aragatnaşyk emeli hemrasyndan alyp görkezişi amala aşyrýan Älem TV-niň binýadynda dünýäniň 200-e golaý meşhur teleýaýlymlarynyň bardygyny ýatladýarys.

Hyzmaty birikdirmek üçin şu telefon belgilerinden habarlaşyp bilersiňiz: +99365 019998; +99365 317887 Tehniki soraglar üçin: +99361 859499

Ýene degişli makalalar

AŞTU: Belet Film hyzmatyny bir ýyllyk garaşaryna berilýän Belet Box týunerinde birikdirip bilersiňiz
Türkmenpoçta: jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini tölemek ýeňil we tiz
Çapar — siziň ygtybarly we amatly kömekçiňiz
Çapar ykjam programmasynyň ulanyjylaryna Türkmenistandaky ähli guramalaryň habarlaşmak üçin maglumatlary elýeterlidir
Türkmenistanda kart paýlaşma’ hyzmatlary arkaly tomaşa edilýän emeli hemra TW kanallary petiklendi
Hujand Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Aşgabat stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygy Türkmenistan Sport teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer