Täjigistan ― Türkmenistan futzal duşuşygy Warziş teleýaýlymynda görkeziler

Täjigistan ― Türkmenistan futzal duşuşygy Warziş teleýaýlymynda görkeziler

Futzal boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek duşuşygy Warziş teleýaýlymy göni ýaýlymda alyp görkezer.

Bu barada täjik telekompaniýasynyň resmi web saýty habar berýär.

Duşuşygyň göni ýaýlymda alnyp görkezilişi şu gün, 24-nji iýulda agşam sagat 20-de başlanar. Warziş teleýaýlymynyna Türkmenistanda IPTV arkaly tomaşa edip bolýandygyny ýatladýarys.

CAFA Futsal Cup-2023-iň 23 ― 30-njy iýul aralygynda Duşenbe şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys. Ýaryşa Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň milli ýygyndylary gatnaşýar. Türkmen ýygyndysy 23-nji iýunda geçiren ilkinji duşuşygynda taryhy ýeňiş gazanyp, Eýranyň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Ýene degişli makalalar

'Lebaptelekom' sebitde GPON tehnologiýasyny ornaşdyrýar, ýapyk saýtlar petik astynda galýar
Türkmenistanda kart paýlaşma’ hyzmatlary arkaly tomaşa edilýän emeli hemra TW kanallary petiklendi
Çapar ykjam programmasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna öýlerinden çykmazdan uçuşlaryň peteklerini satyn almaga mümkinçilik berýär
Aragatnaşyk pudagy ösüş ýolunda
Hujand Merw duşuşygy Varzish teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer
Türkmenistanda tölegli telekanallar birnäçe gün işlemeýär