Ahalteke atçylyk athanasy açyldy

Ahalteke atçylyk athanasy açyldy

Şu gün milli senenamanyň möhüm senesine Hasyl baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Köpetdagyň eteginde Halkara Ahalteke atçylyk toplumynyň golaýynda ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamak üçin häzirki zaman athanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu desganyň gurluşygy Türkmen atlary döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda Nur bina gurluşyk hususy kärhanasyna ynanyldy.

Athananyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda bu pudagyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak, maddy we tehniki binýadyny berkitmek, tohum atlaryň sanyny köpeltmek üçin yzygiderli çäreler görülýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirilýär.

Bu çäreler ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerde gurlan ajaýyp atçylyk merkezleri, şeýle hem ahalteke atlarynyň we ömrüni olary ösdürip ýetişdirmäge bagyşlan adamlaryň Ýer ýüzündäki barha artýan meşhurlygynyň netijesidir.

Ýene degişli makalalar

Hasyl baýramy mynasybetli Türkmenistanda täze athana açyldy
Köpetdagyň eteginde 600 ahalteke aty üçin niýetlenen athana açyldy
Türkmenistanda täze athana açyldy, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyr gurluşyklarynyň taslamalary bilen tanyşdy, Türkmenistan — Özbegistan futbol duşuşygynyň petekleri satylyp başlandy we beýleki habarlar
Türkmenistanda bedewleriň uzak aralyga marafony geçirildi
Taryhdan taryply türkmen bedewi
Aşgabatda konkur boýunça milli ýaryş geçirildi