Türkmenistanda bedewleriň uzak aralyga marafony geçirildi

Türkmenistanda bedewleriň uzak aralyga marafony geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Meşhur atly bedew 60 kilometrlik aralyga geçirilen marafonyň ýeňijisi boldy. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Marafon ýaryşy Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp, ol Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde geçirildi.

Bäsleşige 20 bedew gatnaşyp, olar 60 kilometrlik menzili külterlemeli boldular. Marafon ugry her biri 30 kilometrden ybarat bolan iki tapgyra bölünip, bu aralyk pellehana ilkinji bolup gelmek ugrundaky bäsdeşligi ýitileşdirdi.

Uzak aralyga atly bäsleşik diňe bir bedewleriň çydamlylygyny we çapyksuwarlaryň ussatlygyny synamak üçin möhüm mümkinçilik bolman, eýsem, ýurtda atçylyk sportunyň eýe bolan belent sepgitleriniň beýanyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda täze athana açyldy, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyr gurluşyklarynyň taslamalary bilen tanyşdy, Türkmenistan — Özbegistan futbol duşuşygynyň petekleri satylyp başlandy we beýleki habarlar
Türkmen talyplary UNIPO-2024 halkara onlaýn olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
3 muzeý, 3 şäher
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
Meşhur hindi režissýory Sanjaý Gadhwi aradan çykdy
“Titanik”-iň agşamlyk naharynyň menýusy auksionda satyldy