Köpetdagyň eteginde 600 ahalteke aty üçin niýetlenen athana açyldy

Köpetdagyň eteginde 600 ahalteke aty üçin niýetlenen athana açyldy

Şu günler ýurdumyzda türkmen daýhanlarynyň ajaýyp zehinini we zähmetini, dogduk mekanynyň sahylylygyny görkezýän Hasyl baýramy giňden bellenilýär.

Şeýle hem şu gün milli senenamanyň möhüm senesine Hasyl baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Köpetdagyň eteginde Halkara Ahalteke atçylyk toplumynyň golaýynda ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamak üçin häzirki zaman athanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu desganyň gurluşygy Türkmen atlary döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda Nur bina gurluşyk hususy kärhanasyna ynanyldy.

Athananyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda bu pudagyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak, maddy we tehniki binýadyny berkitmek, tohum atlaryň sanyny köpeltmek üçin yzygiderli çäreler görülýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirilýär.

Bu çäreler ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerde gurlan ajaýyp atçylyk merkezleri, şeýle hem ahalteke atlarynyň we ömrüni olary ösdürip ýetişdirmäge bagyşlan adamlaryň Ýer ýüzündäki barha artýan meşhurlygynyň netijesidir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda täze athana açyldy, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyr gurluşyklarynyň taslamalary bilen tanyşdy, Türkmenistan — Özbegistan futbol duşuşygynyň petekleri satylyp başlandy we beýleki habarlar
Hasyl baýramy mynasybetli Türkmenistanda täze athana açyldy
Ahalteke atçylyk athanasy açyldy
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli dabara geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk sergisi geçirildi
Dünýäde çakyr önümçiligi soňky 60 ýylda iň pes derejä düşer