Ahalyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklarynyň başlanjak wagtlary belli boldy

Ahalyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklarynyň başlanjak wagtlary belli boldy

Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşyklarynyň başlanjak wagty anyklaşdyryldy.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan 41-nji gezek geçirilýän birinji derejeli klublaýyn ýaryşynda Ahal C toparça wekilçilik edýär. Türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary BAE-niň Şabab Al-Ahli, Kataryň Al-Garafa we Eýranyň Fulad toparlarydyr. 7 ― 27-nji aprel aralygynda toparlar biri-biri bilen iki gezekden duşuşarlar.

Ahal taryhyndaky ilkinji Çempionlar ligasy duşuşygy 7-nji aprelden 8-nji aprele geçilen gije Aşgabat wagty bilen 01:15-de başlanar. Duşuşyk Jidda şäherindäki Patyşa Abdalla Sports Siti stadionynda bolar.

Ahalyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ähli duşuşyklarynyň başlanjak wagty (sagatlar Aşgabat wagty bilen görkezilen)

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Liwana we Saud Arabystanyna sapar gurar
Fulad ― Ahal duşuşygy Eýranyň IRIB Varzesh teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler
Fulad ― Ahal duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär
Ahal ― Fulad duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi harby mekdeplere kabul edişligiň başlanýandygyny habar berýär, RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistana geler, we beýleki habarlar
Ahalyň Fulad bilen boljak duşuşykdaky başlangyç düzümi belli boldy
Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky jemleýji duşuşygynda Al-Garafadan üstün çykdy