Fulad ― Ahal duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär

Fulad ― Ahal duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär

Şu gün Jidda şäherinde AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 3-nji tapgyrynyň çäginde Fulad ― Ahal duşuşygy geçiriler.

Turkmenportala mälim bolşy ýaly, duşuşykda eminleriň halkara topary işlär. Duşuşygyň baş emini FIFA-nyň 45 ýaşly emini Ali Sabah Al-Kaýsi (Yrak) bolar. Oňa watandaşlary Ubaýdi Haýder Abdulhasan Ali bilen Amir Dawud Alwindawi ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini liwanly hünärmen Ali Reda bolar.

Türkmenistanyň wise-çempiony Ahalyň şu günki duşuşygy Patyşa Abdalla Sports Siti stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 22:15-de başlanar.

Ýene degişli makalalar

20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hakan Fidan Liwana we Saud Arabystanyna sapar gurar
Ahalyň Fulad bilen boljak duşuşykdaky başlangyç düzümi belli boldy
Ahalyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklarynyň başlanjak wagtlary belli boldy
Ahalyň Şabab Al-Ahli bilen boljak duşuşykdaky esasy düzümi belli boldy
Fulad ― Ahal duşuşygy Eýranyň IRIB Varzesh teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler