Ajaýyp gök göwher auksiona çykarylar

“Bleu Royal” atly gök almaz “Christie’s” auksion öýi tarapyndan satuwa çykarylar. Içki gurluşy ýokary derejede dury bolan gymmat bahaly daşyň örän ýokary bahadan satylmagyna garaşylýar. 17,6 karatlyk göwheriň 7-nji noýabrda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek auksionda satyljakdygy mälim edildi. Auksion öýiniň hünärmeni Rahul Kadakiýa şeýle dury hem-de uly göwheriň örän seýrekdigini belledi.

Mundan ozal auksion öýünde diňe üç sany göwher satyldy – 2010-njy ýylda 10,95 karatlyk “Bulgari Blue” 15,8 million dollara, 2014-nji ýylda 13,8 karatlyk “Winston Blue” 23,8 million dollara hem-de 2016-njy ýylda 14,62 karatlyk “Oppenheimer Blue” atly göwher 57,5 million dollara satyldy.

“Bleu Royal”-yň 2016-njy ýyldaky “Oppenheimer Blue”-nyň rekordyny täzelemegine garaşylýar.

Meretgül Nazarowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Kuşadasyna 3 Kruiz Gämisi Geldi
Ford taryhynda iň iri zawody gurmaga başlady
Ford-yň awtopiloty indi hatardan-hatara düzülmegi we öwrümde tizligi peseltmegi başarýar
Mobile TM internet dükany smartfonlary we beýleki enjamlary Türkmenistanyň ähli ýerlerine eltip berýär