Akar: "Edilen her bir ädim Türkiyäniň güýjüni alamatlandyrýar" diýdi

Akar: "Edilen her bir ädim Türkiyäniň güýjüni alamatlandyrýar" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Kaýseridäki 12-nji Howa transportynyň esasy baza serkerdeligindäki: "Güýçlendirilen 4-nji A400M uçarynyň Türkiyäniň Harby-howa güýçlerine gowşurylyş dabarasynda" güýçlendirilme ylalaşygyna 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda gol çekilendigini ýatlatdy.

Ylalaşygyň çäginde güýçlendirilme işleri tamam bolan 3 uçaryň Harby-howa güýçleri serkerdeligine gowşurylandygyny aýdan Hulusi Akar, şu gün güýçlendirilme işleri tamamlanan 4-nji uçaryň hem gowşurylyp alynandygyny mälim etdi.

Ýardam işlerinde, ewakuasiýa operasiýalarynda, harby hereketlerde, harbylary we ýükleri daşamak ýaly giň gerimli işlerde ulanylan A400M uçarlarynyň, soňky gezek 6-njy fewralda bolan ýer titremelerinde uly peýdasynyň bolandygyny görkezendigini aýdan Hulusi Akar: "Goranmak we howpsuzlyk ugrundaky her bir ädim, halkara bazarda möhüm aktýor ýagdaýyna gelen Türkiyäniň güýjüni alamatlandyrýar" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Gaza kömek bermäge dowam edýär
Erdogan Türk F-16 uçarynyň heläkçiligi bilen baglanyşykly derňew işiniň başladylandygyny aýan etdi
Kolumbiýada harby uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde azyndan 66 adam ýogaldy
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy
ABŞ-nyň harby uçary Yragyň günbatarynda ýere gaçdy
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde alty adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy
“Öwrülişik pursady”. Ýakyn Gündogardaky urşuň fonunda Astana bilen Aşgabat nebit we gaz üpjünçiligini artdyryp bilermi?