“Akar” kärhanasy jorap önümleriniň 350 müň jübütini Russiýa eksport etdi

“Akar” kärhanasy jorap önümleriniň 350 müň jübütini Russiýa eksport etdi

Telekeçi Serdar Annakowyň “Akar” haryt nyşanly kärhanasy ýakynda jorap önümleriniň 350 müň jübütini Russiýa eksport etdi. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolan “Akar” kärhanasynda her aý dürli görnüşli joraplaryň jemi 500 müň jübüti öndürilýär.

Kärhananyň önümçilik bölüminde Italiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylandyr. Bu bolsa kärhanada ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, dünýä ülňülerine laýyk gelýän joraplaryň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

2018-nji ýylda işe girizilen “Akar” kärhanasynda 100-e golaý hünärmen zähmet çekýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň öňdebaryjy öndürijileriniň täzelenen katalogy hususy pudagyň mümkinçiliklerini görkezýär
“Hemsaýa” kärhanasy täze kakadylan miweleri öndürip başlady
Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi guralar
Paýtagtymyzda Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär
“Balam” Hytaýa konditer önümleriniň eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär
Türkmen telekeçileri Tähranda geçiriljek halkara sergä çagyrylýar
Aşgabadyň we Mary welaýatynyň golaýynda täze senagat zolaklaryny döretmek meýilleşdirilýär