Akar: "Russiýa-Ukraina dartgynlygyna ýakyndan gözegçilik edýäris" diýdi

Akar: "Russiýa-Ukraina dartgynlygyna ýakyndan gözegçilik edýäris" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Germaniýada Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasyndan soň metbugat işgärleirne beýanat berdi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlyk bilen baglanşykly Hulusi Akar: "Hormatly Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdogan 2 hepde ozal wekiliýet bilen Ukrainada saparda boldy. Prezidentimiz Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen, biz hem öz kärdeşlerimiz bilen netijeli gepleşikler geçirdik. Hadysalara ýakyndan gözegçilik edýäris" diýip mälim etdi.

"Donbassda harby hereket bar. Şol harby hereketleriň käbir täsirleri bar. Bu babatda metbugatda berilýän habarlar bar. Olar eserdeňlik bilen gözden geçirilmelidir" diýip aýdan Akar: "Sebäbi käbir dezinformasiýanyň, ýalan habarlaryň üstünde durulyp geçilýär. Şolar sebäpli islenmeýän birtopar ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak gerek" diýip habar berdi.

Türkiýäniň NATO-nyň içindäki ähli jogapkärçiliklerini üstünlik bilen ýerine ýetirýändigini aýdan Akar: "Gara deňize kenary bolan ýurtlaryň ol ýerde arkaýyn, asuda we durnuklylyk içinde ýaşamaklary biziň iň uly dilegimizdir" diýip beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý: "Biziň maksadymyz, NATO-nyň agzasy bolmak" diýdi
Zelenskiý, Ysraýyl ýaly Ukrainany hem gorap boljakdygyny aýtdy
“ABŞ-nyň Başda Durmagynda Hyzmatdaşlarymyzdan Ýarag Kömegine Garaşýarys”
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Hakan Fidan 60-njy Mýunhen howpsuzlyk maslahatynyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirýär
Günbatar Halkara Hukugyň Ýerine Öz Kadalaryny Iş Ýüzüne Geçirtmek Ysleýar
Nigeriýada ýoldaky dyknyşykda 100 ulag ýandy