Zelenskiý: "Biziň maksadymyz, NATO-nyň agzasy bolmak" diýdi

Zelenskiý: "Biziň maksadymyz, NATO-nyň agzasy bolmak" diýdi

Ukrainanyň Prezident ofisinden berilen ýazmaça beýanata görä, Wladimir Zelenskiý Germaniýada geçirilýän 60-njy Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş etdi.

Ukrainanyň harby birikmeleriniň Donetsk sebitindäki Awdeýewka şäherinden çekilmek baradaky kararynyň logiki we adalatlydygyny, sebäbi onuň zerur bolan ýaraglar gelýänçä çenli ukrainanlylaryň janlaryny goraýandygyny aýdan Wladimir Zelenskiý, Awdeýewkadaky ukrainaly esgerleriň gabalmazlyk üçin beýleki çäklere çekilendigini ýatlatdy.

Zelenskiý entek ýaraglarynyň ýeterlik däldigini, Ukrainanyň artilleriýa we uzak aaralykly ýaraglara mätäçlik çekýändigini we bu meselede hyzmatdaşlaryndan goldawa garaşýandyklaryny aýtdy.

Ukrainanyň NATO agzalyk tapgyrynyň hem üstünde durup geçen Zelenskiý: "Biziň maksadymyz, NATO-nyň agzasy bolmak. Muňa mynasypdygymyza ynanýaryn. Ukrainany alýansa ýakynlaşdyrmak üçin elimizden gelen ähli zady ederis" diýip habar berdi.

Zelenskiý Ukrainany NATO-nyň düzümine goşmak baradaky çakylygyň ýaranlyk karardygyny we ähli liderleriň entek muny goldamaýandygyny, şonuň üçin bu ugurdaky tagallalaryň dowam etjekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Ýewropanyň gepleşiklere gatnaşmalydygyny aýtdy
Putin bilen Tramp NATO-nyň Ankaradaky sammitinden öň Ukraina meselesini maslahatlaşdylar
ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Ankarada geçirjek duşuşyklary belli boldy
Tramp: “Şu gije Eýrana uly hüjüm gurap bileris”
Tramp: Erdogan ajaýypdy, NATO uly öňe gidişlik etdi
Eýran hüjümlere degişli gaýtawuly görkezer
Zelenskiý Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy