Aklanan Hojanepes Çaryýew näme üçin ýatlanmaýar?

Sowet diktatory Stalin ýogalanyndan soň resmi taýdan aklanandygyna garamazdan, şu günki günem köp adama nätanyş bolup galýan şahyr, bary-ýogy 35 ýaşan, emma türkmen ýazyjylar guramasynyň ilkinji ýolbaşçysy, türkmen sahnalarynda ilata görkezilen birnäçe eseriň awtory, şahyr, ýazyjy, redaktor hökmünde, öz döwürdeşleriniň arasynda ykrar edilen Hojanepes Çaryýew, o diýen anyk bolmadyk maglumatlara görä, 80 ýyl ozal, 1941-nji ýylda aradan çykdy.

Döwlet terrorynyň pidalarynyň hatyrasy tutulýan bolsa, şu ýyl onuň doglan gününiň 120 ýyllygy bellenmelidi.

1901-nji ýylda Bäherdende goglan geljekki şahyr ilki demirýol ussahanasynda işleýär, bolşewikleriň syýasatyny goldap, 26 ýaşynda kompartiýanyň hataryna girýär, ýer-suw reformasyny geçirmäge gatnaşýar, Daşkentde žurnalistika ugrundan ýokary bilim alýar, gazet-žurnallara redaktorlyk edýär, onlarça eser döredýär, terjimeçilik edýär.

Emma, partiýanyň syýasatyny çyny bilen goldandygyna garamazdan, öz agzalarynyň ýarysyna golaýyny türmelerden geçiren ýa ýok eden partiýanyň elinden heläk bolýar. Şahyryň yzynda göwreli aýaly we iki ogly, ynanyp ýazan eserleri galýar.

Staliniň şahsyýet kultunyň tankytlanmagy netijesinde aklanandygyna garamazdan, Hojanepes Çaryýew, näme üçindir, häzire çenlem kän ýatlanmaýar. Ýogsa ilki edebiýatçy alym Muhammet Gurbansähedow, soň şahyr we publisist Allaýar Çüriýew käbir tagallalary edip, onuň keç ykbalyna ünsi hem çekýär. Şol bir wagtda, türkmen ýazyjylarynyň arasynda aşaklykdan edilýän gürrüňlere görä, Hojanepes bolşewikleriň adamlary biri-birine, özlerine garşy galp görkezme bermäge mejbur edýän ýyllarynda iň mert çykan türkmen ýigitleriniň biri bolupdyr.

Azatlyk şu we beýleki meseleler barada pikirini bilmek üçin, Pragada ýaşýan ýazyjy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ozaly Hojanepes Çaryýew barada öz şahsy pikiriňizi aýtsaňyz, ol şeýle görmäge bolşewiklere gaty ynanypdyr, yhlas bilen işläpdir. Bu sadalykmy ýa syýasatçylyk? Siziňçe, onuň birden “halk duşmany” bolmagy diňe döwrüň meselesimi ýa-da onuň on ýyl agza bolan partiýasyna ynamynyň gaçan bolmagy mümkinmi?

Hudaýberdi HALLY: Ol döwrüň meselesi däl, Staliniň meselesi, Staliniň öňe süren talapy.Eger-de biz taryha seretsek, onda Staliniň iň ýakyn egindeşlerinden biri Sergo Orjonikidze, ol adam SSSR-de senagaty diklän şahsyýet hökmünde tanalýar. Şol adamy-da 1937-nji ýylda tussag etmäge barýarlar.

Tussag etjek bolanlarynda S.Orjonikidze “şundan Staliniň habary barmy?” diýip sorapdyr. “Bar” diýenlerinde, “onda men jaň edeýin” diýip, Staline jaň edipdir.Stalin oňa: ”Sen şol baran adamlara boýun bolmaly” diýipdir. Şol ýerde Orjonikidze özüni atyp öldüripdir.

Onsoň Staliniň ýanyndaky beýleki bir beýik adam W.M.Molotow, ol SSSR-iň hökümet baştutanydy, örän ukyply hem gowy dil bilýändigi üçin, Stalin ony urşuň öň ýany SSSR-iň Daşary işler ministri wezipesine belleýär.

Stalin ölýänçä, W.Molotowyň aýalyny türmede saklady.Beýleki bir Stalin bilen işleşip gelen adam M.I.Kalinin, ol 1922-ni ýyldan soň tä ölýänçä 1946-nji ýyla çenli SSSR Ýokary Sowetiniň prezidiumynyň başlygy bolup geldi.

M.Kalininiň aýalyny-da Stalin türmede saklady, ýöne Kalinin halys saglygyny ýitirende, onuň haýyşy bilen Stalin ony türmeden boşatdy.

Şonuň üçinem bularyň ählisi ýokardan gelýän oýun.Türkmenistan barada aýdylanda, 30-njy ýyllarda Muhammet Geldiýew diýip bir partiýa işgäri bolupdyr, şol adam Gaýgysyz Atabaýewi örän ýowuz tankyt edýän eken.

Muhammet Geldiýew baryp ýatan kommunist, özüni aşa göreşiji hasap edýän eken. 1937-nji ýylda G.Atabaýewden soň ýa-da öň ony-da ýygnaýarlar.Syýasat şeýle, şol tapgyra giren adamlaryň ählisini ýok etmeli, şonuň bilen birlikde oňa şaýat bolanlary-da ýok etmeli, täze bir nesil Staline ýapja bolýan, diňe Stalin diýýän nesli getirmeli.

Ine, şeýle syýasat ýöredilipdir, Hojanepes Çaryýew hem şol syýasatyň pidasy.

Azatlyk: Resmi taýdan aklanan şahyryň hakykatda aklanmazlygy ýa-da, türkmen edebiýaty hakyndaky umumy işlerde Hojanapes Çaryýewiň adynyň az agzalmagynyň sebäbi nämede?

H.HALLY: Muňa ýokarda oturanlaryň, ýagny şol döwürde ýurdy dolandyran Kommunistik partiýanyň islegi diýip düşünýän.Sebäbi Hojanepes Çaryýew 1956-njy ýyldan soň, resmi taýdan aklansa-da (şondan soň Hojanepes Çaryýewe “halk duşmany” diýmek bolanok), ýöne ak kagyzyň ýüzüne ýazylýan dokumentlerde şol aklanma ýok.

Meselem, Hojanepes Çaryýew barada TSE-niň 10-njy tomunyň 47-nji sahypasynda, ol 1941-nji ýylyň 23-nji dekabrynda ýogaldy diýilýär. Ýöne onuň nämeden ölendigi, nirede ölendigi görkezilmeýär, ýogsa şol ensiklopediýa 1989-njy ýylda çap edilipdir.

Oraz Täçnazarow barada-da şeýle, onuň 1902-nji ýylda doglup, 1942-nji ýylyň 5-nji noýabrynda (TSE, 9 tom, 82-sah.) ölendigi aýdylýar.Onuň nähili ýogalandygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Diýmek, olaryň türmede bolandygy ak kagyzyň ýüzünde boýun alnanok, olaryň türmede oturandygyny ýokardakylar entek aýdanoklar.Beýleki bir aýylganç fakt tutulanlaryň birnäçesini ýüzugra atypdyrlar, meselem, G.Atabaýew, N.

Aýtakow ýaly adamlary; beýleki birlerini sürgüne iberipdirler, meselem, Hydyr Deýaýewi, ortada bir gatlagy diňe türmede saklapdyrlar.Olara it ýaly çemeleşipdirler, ölenden soň şolaryň jesedini ýygnapdyrlar.Hojanepes Çaryýewiň ölümi-de şolar ýaly agyr, adamçylyga sygyşmaýan heläkçilik bilen tamamlanandyr diýip pikir edýän.

Sebäbi Hojanepes Çary ýaş, gujurly adam, ol nädip ölýär?Diýmek, oňa garaşyk edilmedik şertde ölen bolmaly.Ine, şol maglumatlar aýdylanok, olaryň üsti açylanok.Hökümet resmileri onuň türmede ölendigini boýun alanoklar. Şonuň üçinem Hojanepes Çaryýewiň ady köpçülige ýaýrap bilenok.

Azatlyk: Siz bir gürrüňçilikde onuň “Zöhre-Tahyr” dessany esasynda ýazylan sahna eseriniň tapylyşyny’ ýatladyňyz. Biz Ata Gowşudyň ýer ýykylanda ýiten “Perman” romanynyň tapylyşyny eşidenem bolsa, Hojanapes Çaryýewiň Bazar Amanowyň ady bilen goýlan sahna eseriniň tapylyşyny’ bilmeýärdik. Belki, bu barada Azatlygyň diňlejilerine hem gürrüň beresiňiz.

H.HALLY: Bu örän möhüm mesele, sebäbi Hojanepes Çaryýewiň “Zöhre Tahyr” dessany esasynda sahna eserini ýazýandygyny onuň döwürdeşleri ýatlaýar, bu meseläni Ruhy Alyýew ýatlap geçýär, şonuň bilen birlikde belli edebiýatçy alyp Nagym Aşyrow hem ýatlaýar. Şolar Hojanepesiň şol eseriň üstünde basa oturyp işländigini aýdyp geçýärler. Ýöne Hojanepes Çaryýew basylandan soň, ol iş şol durkuna galypdyr. 1939-njy ýylda şol eser Türkmenistanyň drama teatrynyň artisti Bazar Amanowyň ady bilen sahna çykarylýar.

Sebäbi şol döwürde Ikinji Jahan urşunyň başlanmagy bilen stalinçilik tutha-baslyk az salym köşeşeipdir. Şol ýyllarda Türkem döwlet drama teatrynyň iň esasy sahna eserlerinden biri “Zöhre Tahyr” bolýar.Ol ýerlere gastrola alnyp gidilipdir.

Halkyň hakydasynda galan ol eser Bazar Amanowyň ady bilen ýaşap geldi.

Stalin pidalary aklananda, 60-njy ýyllarda edebiýatçy alym Muhammet Gurbansähedow Hojanepes Çaryýewiň döredijiligini öwrendi.Onuň arhiwini açanynda, “Zöhre Tahyr” pýesasynyň golýazmany tapypdyr.Ol golýazmany Bazar Amanowyň ýanyna alyp barýar. “Bazar aga, bu nähili? Şu eser siziňkimi ýa-da Hojanepes Çaryýewiňki?” diýip soraýar.

Bazar Amanow: “Şu eseri Hojanepes ýady, taýýar etdi, biz ony sahna çykarjak bolduk, şol döwürde-de Hojanepesi “halk duşmany” diýip ýygnadylar, ýöne ol taýýar zat bolany üçin, men oňa öz adymy goýdum. Şeýdibem şu güne çenli meniň adym bilen geldi” diýipdir. Şondan soň “Zöhre Tahyr” spektaklynyň ýokarsynda Hojanepes Çaryýewiň hem Bazar Amanowyň atlary goýuldy.

Soňky ylmy işlerde-de, ýatlamalarda-da bu şeýle gaýtalanýar.

Azatlyk: Indi Hojanepesiň türmedäki mertligi’ barada gürrüň etsek. Bilimiz ýaly, sowet-bolşewik kanunçylygy zorluk-süteme baý, ol ulgamda adamlary döwmekden aňsat zat ýok we aýyplanýan adamlaryň özlerine garşy galp görkezme bermegi şu günlere çenli hem “adalaty dabaralandyrmakda” ýörgünli usul bolup galýar. Hojanepes özüne, egindeşlerine garşy görkezme bermändir diýilýän gürrüň çynmy?

H.HALLY: Bu hakykatdanam çyn, sebäbi biziň ýoldaşymyz, taryh ylymlarynyň kandidaty Şöhrat Kadyrow 1995-nji ýylda Moskwa gaýtdy, ol tä daşary ýurda çykýança, Moskwadaky partiýa arhiwinde derňew işlerini alyp bardy. Şol döwürde Şöhrat bilen meniň gowy aragatnaşygym bardy, ony men Türkmenistan bilen baglanyşdyrýardym.

Moskwa baranymda, Şöhrat meni çaýa çagyrdy.Ondan näme iş edýändigini soranymda, partiýanyň taryh arhiwine girýändigini, şol ýerde dokumentleri öwrenýändigini aýtdy. Şol işlerinden belli bölekler çap boldy, meselem, Gaýgysyz Atabaýew baradaky materiallary çykdy. Şol gürrüňçilikde Şöhrat maňa bir geň sorag berdi. “Sen Hojanepes Çaryýew diýilýän ýazyjyny tanaýaňmy?” diýdi.

Men tanaýandygymy aýdanymda; “Şol adam gaty geň eken. Şol döwürde 37-nji ýyllarda adamlar biri-birlerini ýamanlapdyrlar, biri-biriniň üstünden hapa döküpdirler. Şol ýazylan arza töhmetler arhiwde doly, ýöne Hojanepes Çaryýewiň adyndan hiç bir arza ýok.

Ol hiç kimi ýamanlamandyr” diýip, geň galyp gürrüň berdi.Ine, şol fakt bar.Hojanepes Çaryýewiň, elbetde, türmede özüni nähili alyp barandygy belli däl, sebäbi oňa şaýat ýok, faktlary tapmagam, megerem, kyn bolsa gerek. Ýöne gol bilen ýazylan zatlar ol arhiwde dur, onuň gidýän ýeri ýok, ony islendik adam arhiwe baryp, açyp görüp biler.

Munuň özi fakt.

Azatlyk: Hojanepes Çaryýew ýaly türkmen-sowet şahyrynyň ömri, döredijiligi şu günde öwrenilmeli ýa-da häzirkisi ýaly, gözden salynmaly? Ol gerekmi ýa gerek däl, gerek bolsa, näme üçin gerek?

H.HALLY: Ol hökman öwrenilmeli, sebäbi şu meselä gelnende, men bir ýagdaýa haýran galdym.Mekdepde okaýarkam, biziň fizika mugallymymyz M.M.Käziminiň “Gorkuly Tähran” romanyny okamagy maslahat berdi.

Men ol kitabyň salgysyny alyp, okalgaçydan alyp bildim.Ol geçen uruşdan öň, ilkinji türkmen latyn elipbisinde çykan kitap eken, könelipdir.Kitabyň başky sahypasyny ýyrtyp aýrypdyrlar, kimiň terjime edeni ýok. Şol kitaby ýygnap saklapdyrlar. “Gorkuly Tährany” adamlar okap gelipdirler.

Soňra 70-nji ýyllarda “Gorkuly Tähranyň” ikinji kitaby hem terjime edilende, onuň başky kitaby Hojanepes Çaryýewiň ady bilen çykdy.Ol adamyň şeýle gymmatly ýerleri, okyjylaryň bilmeýän taraplary bar. Şonuň üçin Hojanepes Çaryýew öwrenilse, ol okyjylara berilse gowy bolar.

Ýene bir ýetmeýän zat bar, Aşgabadyň edil ortarasynda Ylham alleýasyny döredipdirler. Şol ýerde ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleri goýlupdyr; K.Gurbannepesowyň, B.Kerbabaýewiň, B.Seýtäkowyň, Ý.Durdyýewiň, Aşyrberdi Kürtüň (...) heýkelleri oturdylypdyr. Şol ýerde Staliniň pidasy bolan adamlaryňam heýkelini goýmak, şolaryň ýadygärligini döretmek gerek.

Ylham alleýasynda diňe bir sowet döwrüni wasp eden adamlary däl, eýsem sowet döwrüniň pidasy bolan adamlaryň hem ýadygärligini dikeltmek gerek. Şeýle hem geçen uruşda wepat bolan adamlaryň ýadygärligini diklemek gerek.

Hojanepes Çaryýewiň orny ilkinji nobatda şo ýerde.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Altmyşynjy ýyllaryň 'gyzly' goşgulary twitter döwrüniň kemsitmelerine garşy 'göreşýär'
Görnükli gündogarşynasyň türkmenler barada gündeliginde galdyran ýatlamalary
Täzeden ýazylýan taryh. Geçmişi bilmek näme üçin zerur?
Ukrainada Stalint Döwrüne Degişli Köpçülikleýin Gonamçylyk Tapyldy