Aktiwist G.Kuçerenkonyň kwartirasynyň gapysyny döwdüler. Enäni gyzy bilen näbelli tarapa alyp gitdiler

Şu gün, 7-nji dekabrda Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň işgärleri jandarlary goraýan aktiwist Galina Kuçerenkonyň kwartirasynyň demir gapysyny döwüp, jaýyň içine girdiler. G.Kuçerenko uzak ýyllaryň dowamynda Aşgabadyň jemagat holajygynyň işgärleri tarapyndan gyrgyna berilýän eýesiz itleri we pişikleri goramak bilen tanaldy. Galinany gyzy Waleriýa bilen bilelikde näbelli tarapa alyp gitdiler.

Nataliýa Şabunts, Galina telefon etmäge ýetişensoň, Kuçerenkolaryň Şewçenko köçesinde ýerleşýän öýüne geldi.

Onuň sözlerine görä, gapynyň petlesi megerem döwlen wagtynda kesilipdir, soň ony kebşirläpdirler.Häzir açyp bolmaýan kwartiranyň içinde birnäçe pişik we it galdy.

Wakanyň bolan ýerine polisiýa patruly geldi, emma bu ýerde näme bolanyny bilmeýändiklerini aýdýarlar. .

Nataliýa halkara guramalarynyň goşulmaklaryna we Galina bilen Waleriýany halas etmäge kömek bermeklerine umyt baglap, BMG-niň Aşgabatdaky edarasyna telefon etdi.

Ýene degişli makalalar

Stambulda tussag edilen aktiwist deportasiýa merkezinden boşadyldy
Türkmen häkimiýetleri raýat aktiwistiniň maşgalasyna basyş edýärler
Aşgabatda pişikler ýene zäherlenip öldürilýär
Türkmen konsullyklarynda pasportlaryň möhletini uzaltmazlyk baradaky habar migrantlary alada goýýar
Änewde itler ýene köpçülikleýin ýok edilýär. Aktiwistler bu çäreleriň bes edilmegine çagyrýar
Änewde itler köpçülikleýin ýok edilýär. Aktiwistler bu çäreleriň bes edilmegine çagyrýar
Russiýa-Ukraina Söweşine 1 Ýyl Doldy