Stambulda tussag edilen aktiwist deportasiýa merkezinden boşadyldy

Stambulda tussag edilen aktiwist deportasiýa merkezinden boşadyldy

Türkmen raýaty Nurberdi Bazarow Stambulyň Tuzla sebitindäki deportasiýa merkezinden boşadyldy. Sosial ulgamlarda Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny ýiti tankytlaýan Bazarow tussaglykda 10 gün geçirdi. Aktiwist saklanmagynyň we boşadylmagynyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Ahmet Rahmanowa gürrüň berdi.

34 ýaşly aktiwist Nurberdy Bazarow 8-nji noýabrda Stambulyň Tuzla deportasiýa merkezinden boşadyldy. Onuň sözlerine görä, ol deportasiýa merkezinde geçirilen nobatdaky sorag edişlikden soň çykarylypdyr.

"Deportasiýa merkeziniň işgäri bilen soňky söhbetdeşlikde aktiwistdigimi, diktator regižimine garşy göreşýändigimi aç-açan aýtdym. 'Türkmenistana iberseler hatda meni türmä salmazlar. Meni öldürerler, hatda gözýaşlaryna garamazdan ejeme we kakama görkezmezler' diýdim. Şondan soň, hiç bir aklawçy gatnaşmazdan, belli bir dokumental prosedurany ýerine ýetirip, meni sişenbe güni günorta sagat 15:20-de Tuzla deportasiýa merkezinden boşatdylar" diýip, Bazarow gürrüň berdi.

Nurberdi Bazarow 29-njy oktýabrda Stambulda köçede saklandy. Ol agşam sagat 8 töweregi tussag edilendigini, üç günläp polisiýa merkezinde bolandygyny, soňra Tuzla deportasiýa merkezine geçirilip, bir hepde şol ýerde saklanandygyny aýtdy.

Aktiwist özüne basyşlaryň tussaglykdan has öň başlanandygyny gürrüň berdi: "Şol wagt bir hepde töweregi bäri meni yzarlaýardylar. Meni tutjakdyklaryny birnäçe gezek aç-açan aýtdylar".

Sosial mediada Nurmyrat Bazarow ady bilen tanalýan Nurberdi Bazarow, Türkmenistanyň hökümetini, häzirki we öňki prezidentleri hem-de Berdimuhamedow maşgalasyny tankytlamakda ýiti çykyş edýänlerden biri. Bazarow 2016-njy ýyldan bäri Türkiýede ýaşaýar.

Türkiýede ýerleşýän türkmen aktiwistleri 2021-nji ýylyň tomsundan bäri türk häkimiýetleriniň görlüp-eşidilmedik basyşy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Soňky aýyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlarynyň polisiýa tarapyndan saklanmagy has ýygjamlaşdy. Türkiýe tarapyndan wiza režimi girizilenden soň, ýurtda bikanun ýaşaýan migrantlarynyň ýagdaýy hasam ýaramazlaşdy, her gün onlarça türkmen raýaty türk polisiýasy tarapyndan tussag edilýär we deportasiýa merkezlerine ugradylýar.

Nurberdi Bazarow Tuzla deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen raýatlarynyň ýagdaýy barada Azatlyga şeýle gürrüň berdi.

"Türkmenistanyň raýatlarynyň ýagdaýy umytsyz. Olar çykalga tapmaýarlar. Olaryň köpüsi umytsyzlykdan aýdyň pikirlenip bilmeýärler. Öýlerine gitmek islemeýärler, Türkiýedäki durmuş hem daşary ýurtlular üçin çydamsyz. Käbirleri Türkmenistanyň raýatlygyndan ýüz öwürmek, başga bir ýerde kanuny durum almak isleýärler. Umytsyzlyk sebäpli ýaşamak islemeýänler-de bar"- diýip Bazarow aýtdy.

Ýurtlaryň arasynda wizanyň talap edilmeýän döwründe 15 ýylyň içinde Türkiýe türkmenistanly zähmet migrantlary üçin esasy ýurtlaryň birine öwrülipdi. Sentýabr aýynda türkmen hökümeti Türkiýeden Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini girizmegi haýyş etdi.

Indi Türkiýedäki köp sanly türkmen raýatynyň ykbaly näbelli bolup galýar, käbirleri deportasiýa edilýär, käbirleri belli bir wagtlap tussaglykdan saklanýar we soň boşadylýar. Deportasiýa merkezleriniň dolulygy, bikanun ýaşaýan türkmen migrantlaryň köp bolmagy we olary Türkmenistana deportasiýa etmek mümkinçilikleriň çäkliligi muňa sebäp bolýar.

Häzirki wagtda ýüzlerçe müň türkmen raýaty resminama almakdaky kynçylyklar sebäpli Türkiýede bikanun galýar. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň resmi maglumatyna görä, bu ýurtda Türkmenistanyň 250 müň töweregi raýaty kanun esada ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýede bikanun galýan türkmen raýatlarynyň sany ençeme esse köp.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Stambulda türkmen aktiwisti Nurberdi Bazarow tussag edildi
Stambulda tussag edilen aktiwist deportasiýa merkezinden boşadyldy
Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen aktiwisti Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, türkmen hökümetine protest bildirdi
Türkmen raýatlary 10-njy noýabra çenli Türkiýeden çykmaga howlugýarlar