Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2013-nji ýyldaky uçurymlaryň işleriniň sergisi açyldy

Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2013-nji ýyldaky uçurymlaryň işleriniň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bu ýokary okuw mekdebiniň 17 uçurymy okuwy tamamlandan 10 ýyldan soň duşuşdylar. Ahal, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlaryndan nakgaşlar, heýkeltaraşlar, grafikaçylar, amaly-haşam sungatynda işleýänler on ýylda döredijiliginiň ýeten derejesini görkezmek üçin işlerini getirdiler. Olara Aşgabatda işleýän bile okan egindeşleri goşuldylar.

Çeperçilik akademiýasynda galereýasynda akademiýanyň 2013-nji ýyldaky uçurymlarynyň işleriniň sergisi açyldy. Nakgaş Begenç Berkeliýewiň işleri hiç kimi biperwaý goýmady.

Baýram Bazarowyň çeken durnalary hemmäni geň galdyrdy. Onuň işleriniň 20-sinde uçup barýan durnalar şekillendirilipdir. Durnalar meýdanlaryň, şäher binalarynyň, mawy deňziň, miweli baglaryň üstünden gündiz diýmän, gije diýmäni uçup barýarlar.

Hatyja Amansähedowanyň Yhlas atly suraty tomaşaçylaryň ählisini özüne bendi etdi. Hatyja akylly gözleri haýrana goýýan atyň kellesini şekillendiripdir. Suraty Yhlas diýip atlandyryldy.

Kitap bezegçisi Rahman Rahmanowy tanamaýan ýok bolsa gerek, ol üýtgeşik grafika tilsimi bilen tanymallyga ýetdi. Onuň sergä hödürlän işlerinden esasanam Derwüş we Çeşme suratlary ünsüňi özüne çekýär.

Nakgaş Amanmyrat Modiýew agaçlary özboluşly suratlandyrýar — nakgaş daragtlary gyzlaryň kaddyna meňzedýär. Amanmyrat döredijiliginde aýratyn bölek-bölek nokatly surat çekmek — diwizionizm usulyny ulanýar. Şonuň üçin hem onuň derekdir serwi daragtlarynda birbada zenan şekilini göräýmek aňsat däl.

Zergär Aýjemal Çaryýewa işlerini sergi meýdanynyň ähli ýerinde ýerleşdiripdir. Aýjemal eposlardyr dessanlaryň aşygy, onuň döredijiliginde Daýahatyn, Saýatly-Hemra, Görogly we beýleki halk eserleriniň gahrymanlary gabat gelýär. Ol gadymy şaý-sepleriň ýasalyş usullaryny döwrebap elementler bilen sazlaşykly utgaşdyrýar.

Keramikaçylar Almagül Garlyýewa, Annageldi Hezretgulýew we Saparsoltan Seýidowa Türkmenistanyň halk nakgaşy Dursunsolmaz Muhammedowanyň okuwçylary, şonuň üçinem olaryň sergä hödürlän işleride mugallymyndan geçen modern usullary duş gelýär. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşirinde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly gimnastikaçylar Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşda 20 medal gazandylar
Ýaş gimnastikaçylar halkara ýaryşyň öňüsyrasynda Daşkentde türgenleşik geçdiler
Türkmenistanly zergärleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany