Aliýew Bilen Blinken Garabagda Başdan Geçirlen Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Aliýew Bilen Blinken Garabagda Başdan Geçirlen Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Garabagda başdan geçirlen soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannamada, Blinkeniň Aliýewe telefon edendigi, telefon söhbetdeşliginde ermeni ýaragly güýçlere garşy geçirlen antiterror operasiýadan soň Azerbaýjanyň Garabag sebitinde başdan geçirilýän soňky wakalaryň seljerlendigi nygtaldy.

Aliýewiň telefon söhbetdeşliginde 24 sagatda tamamlanan operasiýada diňe harby desgalaryň nyşa alynandygyna we asuda ilata zeper ýetirilmändigine ünsi çekendigi nygtaldy.

Bikanun ermeni ýaragly güýçleriniň ýaragsyzlandyrlandygyny we Azerbaýjandan çykarlandygyny aýdan Aliýew, soňky 5 günde ýüzlerçe harby enjamyň we ok-däriniň ele geçirlendigini ýatlatdy.

Ýurtdaky beýleki azlyklar ýaly Garabagda ýaşaýan ermenileriň hak-hukuklarynyň hem ýurduň kanynlarynyň we halkara jogapkärçilikleriň çäginde ýola goýulmagy üçin degişli işleriň amala aşyrlandygyny aýdan Aliýew, Azerbaýjanly ýolbaşçylar bilen ermeni ilatyň wekilleriniň arasynda utgaşyklyk meselesinde gepleşikleriň geçirilýändigini, ermeni ilata Azerbaýjan döwleti tarapyndan ynsanperwer kömeginiň berlendigini belledi.

Başdan geçirlen soňky wakalara alada bildiren Blinken bolsa, sebitde durnuklylygyň ýola goýulmagynyň we ýerli ermeniler bilen gepleşik geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýyl Ýewraziýa döwletleri taýdan nähili geçdi
Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Ýeňiş Gününi Gutlady
“Ermenistan Eden Etmişleri Üçin Ötünç Soramaly”
Azerbaýjan, Garabagyň Gaýtadan Dikeldilmegi Üçin 12,9 Milliard Dollar Sarp Etdi
Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Ermenistanyň, ABŞ-nyň we ÝB-niň Arasynda Geçiriljek Maslahat Tarapsyz Çemeleşmesine Zyýan Ýetirer
Prezident Erdogan Bursada halka ýüzlenip çykyş etdi