Aliýew Ýurdunuň Ýokary Mukdarda Gaýtadan İşlenýän Energiýa Potensialyna Eýedigini Beýan Etdi

Aliýew Ýurdunuň Ýokary Mukdarda Gaýtadan İşlenýän Energiýa Potensialyna Eýedigini Beýan Etdi

Aliýew Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabide guralan Durnuklylyk hepdeliginiň açylyş dabarasynda sözlän sözünde gaýtadan işlenýän energiýa serişdeleriniň ähmiýetine ünsi çekip, Azerbaýjanyň bu pudakda uly potensiala eýedigini, gaýtadan işlenýän energiýa serişdelerini öndürip, hem eksporty diwersifikasiýalaşdyrjakdyklaryny hem-de daşky gurşawa zyýansyz ykdysady pudagy emele getirjekdiklerini beýan etdi.

Ýurdunuň gaýtadan işlenýän energiýa potensialy hakynda-da durup geçen Aliýew; “Gury ýerde 27 gigawat ýel we gün, halas edilen ýerlerimizde 10 gigawat ýel we gün, Hazar deňiziniň Azerbaýjana degişli böleginde 157 gigawat ýel energiýasy potensialymyz bar. Ýagny 200 gigawata barabar gaýtadan işlenýän energiýa potensialymyz bar. Bize eksport ugurlary gerek. Ähli taslamalary tapgyrlaýyn häsýetde iş ýüzüne geçireris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türkmenistan we BAE durnukly suw çözgütlerini işläp düzmek boýunça gepleşikler geçirýär
Mejlisiň Başlygy Kurtulmuş, BAE-de Saparda Bolýar
TBMM-niň başlygy BAE-niň Döwlet baştutany bilen duşuşyk geçirdi
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne sapary başlandy
Daşary ýurtlaryň uçarlary Türkmenistanyň howa menzillerine 1,5 müňden gowrak tehniki gonuşlary amala aşyrdylar