Altyn asyra çempionlyk kubogy gowşuryldy

Altyn asyra çempionlyk kubogy gowşuryldy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynda Nebitçi bilen geçirilen duşuşykdan soňra, möwsümiň çempiony Altyn Asyr toparyny sylaglamak dabarasy boldy.

Çempion topara degişli baýrak we birinji orun ugrundaky medallar paýtagtdaky Sport toplumy stadionynda gowşuryldy. Paýtagtymyzyň toparyna baýraklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow gowşurdy. Çempionlyk kubogyny toparyň kapitany, ýarymgoragçy Ahmet Ataýew kabul etdi.

Altyn Asyr topary çempionlygyny eýýäm 13-nji dekabrda geçirilen 12-nji tapgyryň duşuşygynda yglan edipdi. Şol tapgyrda Altyn Asyr paýtagtymyzyň Aşgabat toparyny 4:0 hasabynda ýeňmegi başarypdy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri bassyr sekizinji gezek çempion bolup, Ýokary liganyň rekordyny täzelediler. Altyn Asyryň 2014-nji ýyldan bäri çempionlygy hiç bir garşydaşyna bermän gelýändigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Konstitusion özgertmeler döwrüň talabydyr
JONY, Dima Bilan, Nyuşa we beýleki ýyldyzlar Türkmenistanda çykyş ederler, Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň bahasyny 30% arzanladar, türkmen pasporty dünýä pasportlarynyň sanawynda 78-nji orny eýeledi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Zenan kalby ordeni bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistan halkara uçuşlaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär, Aşgabadyň Baş baýdak meýdançasynda abatlaýyş işleri geçiriler, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian Adalaryndan üstün çykdy
TFF-niň başlygy FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy