TFF-niň başlygy FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy

TFF-niň başlygy FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän ýeri bolan Doha şäherine iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy.

Ikitaraplaýyn geçirilen gepleşigiň dowamynda taraplar ýurdumyzda futboly ösdürmek babatynda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda FIFA-nyň prezidenti Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna dünýä çempionaty 2022-niň resmi topuny sowgat berdi. Şeýle-de, ol türkmen futbolunyň pajarlap ösmegini arzuw edip, golaý geljekde Türkmenistana iş sapary bilen gelmekçidigini aýdyp geçdi. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.

Ýeri gelende bellesek, J.Infantino Arslan Aýnazarowy şu ýylyň 20-nji noýabrynda geçiriljek dünýä çempionatynyň açylyş oýnuna tomaşa etmäge çagyrdy. Kataryň El-Haur şäheriniň Al-Beýt stadionynda geçiriljek açylyş oýnunda Kataryň hem-de Ekwadoryň milli ýygyndylarynyň duşuşýandyklaryny ýatladýarys.

A.Aýnazarow öz gezeginde FIFA-nyň prezidentine ýokary derejede kabul edendigine minnetdarlyk bildirip, gelejekde FIFA bilen Türkmenistanda futboly ösdürmekde hyzmatdaşlygy saklajadyklaryny aýdyp geçdi.

Şeýle-de, A.Aýnazarow hormatly prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde futbola hem ýokary derejede üns berilýändigini belläp geçdi.

Ýeri gelende bellesek, 1992-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 1994-nji ýylda FIFA agza hökmünde kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Konstitusion özgertmeler döwrüň talabydyr
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Altyn asyra çempionlyk kubogy gowşuryldy
Belarusda Özbek gyzy atly çeper filmiň surata alnyş işleri tamamlandy
Türkmenistan halkara uçuşlaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär, Aşgabadyň Baş baýdak meýdançasynda abatlaýyş işleri geçiriler, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian Adalaryndan üstün çykdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Zenan kalby ordeni bilen sylaglamak hakynda