Belarusda Özbek gyzy atly çeper filmiň surata alnyş işleri tamamlandy

Belarus Respublikasynyň paýtagtynyň eteginde Belarusfilm kinostudiýasynyň goldaw bermeginde Özbegistanyň Kinematografiýa agentligi tarapyndan täze Özbek gyzy atly filmiň surata alnyş işleri tamamlandy. Filmde urşa meýletin giden 18 ýaşly özbek gyzynyň taryhy gürrüň berilýär.

Filmiň baş gahrymanynyň özeninde rowaýaty mergen atyjy Zyba Ganiýewanyň terjimehaly ýatýar, ol faşistleriň diýseň gorkan ýedi sany sowet zenanlarynyň biridir.

Jemile atly mergen gyz jemleme keşpdir. Biz taryhdan köp gyzlaryň Russiýanyň we Belarusuň çäklerinde Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, mertlerçe söweşendiklerini bilýäris diýip, filmiň ikinji režissýory Bahriddin Aýnazarow gürrüň berýär.

Jemiläniň keşbinde özbek aktrisasy Aýsenem Ýusubowa çykyş edýär. Surata alnyşyň öňünden oňa ýarag tutmagy, başa-baş söweşmegi öwretdiler.

Film tutuşlygyna diýen ýaly Belarusda— tokaýlyklarda, meýdanlarda, köne obalarda surata alyndy. Filmde özbek artistleri bilen bilelikde rus aktýorlary hem surata düşdüler. Olaryň arasynda garyşyk söweş sungatlary boýunça dünýä çempiony, Rus aýysy lakamly meşhur aktýor Oleg Taktarow hem bar.

Özbek gyzy atly film 2023-nji ýylda Ýeňiş gününe gabatlanyp giň prokata goýberiler. Filmi döredijiler onuň harby dramadygyny aýdýarlar, emma ol ölümi ýeňýän söýgi taryhydyr diýip, MIR24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Sungata ömrüni baglan
Berkarar döwletiň ylham joşguny atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy