“Altyn asyryň” uly hasaply ýeňşi

AFK kubogy ýaryşynda ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” “D” toparçada myhmançylykda Gyrgyzystanyň “Alaý Oş” topary bilen duşuşdy.Oýnuň 1-nji ýarymynda 4, ikinjisinde-de 5, jemi 9 gol derwezä girizildi.

Diýseň çekeleşikli geçen oýna palestinaly Baraa Aişa eminlik etdi.Duşuşyga 3000 töweregi janköýer gatnaşdy.Eýýäm 11-nji minutda Myrat Ýagşyýew hasaby açýar. 8 minutdan soň, Altymyrat Annadurdyýew hasaby 20-a çykarýar. 39-njy minutda Ilýaz Alimow ýer eýeleriniň ilkinji goluny geçirýär. Ýöne 1 minutdan soň, Altymyrat Annadurdyýew ýene bir gezek tapawutlanýar.

Bu 1-nji ýarymdaky soňky gol bolýar. 2-nji ýaryma gol bilen başlan ýer eýeleri az-owlak umytlansa-da, ildeşlerimiz dessine bu goluň hem jogabyny berýär.Has takygy, 46-njy minutda Kožo Joel 32-ä ýetirýär. Ýöne 5 minutdan soň, Myrat Ýagşyýew ýene bir pökgini “Alaýyň” derwezesine ýollaýar.

Garşylykly geçirilýän gollaryň hataryna ýer eýeleri ýene birini goşýar. 57-nji minutda Maksadbek Alimow hasaby 43-e ýetirýär.Oýnuň 84-nji minutynda-da Altymyrat Annadurdyýew duşuşykdaky 3-nji goluny öz adyna ýazdyrýar. 87-nji minutda oýna giren Begmyrat Baýow 1 minutdan soň, tapawutlanýar we hasaby 63-e çykarýar. Şeýlelikde, “Altyn asyr” toparçadaky oýunlaryna uly hasaply ýeňiş bilen başlaýar.Toparçanyň beýleki duşuşygynda-da Täjigistanyň “Istikloly” öz meýdançasynda “Ahaly” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýun 10 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy (Güýçmyrat Annageldiýew 25, ö.d.).Toparçadaky indiki duşuşyklaryň ikisi-de ýurdumyzda oýnalar. 13-nji martda “Ahal” “Alaý Oşy”, 14-nji martda-da “Altyn asyr” “Istikloly” kabul eder.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly etrabynda döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy baý mazmunly çäreler bilen utgaşdy
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaralar belentden tutulýar
Myrat Ýagşyýew Neftçiniň 2023-nji ýyldaky möwsüm üçin beren sanawyna girizildi
TFF Merwiň täze transferleri barada maglumat berdi
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy