Altynjemal Baýlyýewa amaly-haşam sungatynyň IV Daşkent biennalesinde ýeňiş gazanmagy başardy

Altynjemal Baýlyýewa amaly-haşam sungatynyň IV Daşkent biennalesinde ýeňiş gazanmagy başardy

Ozal habar berşimiz ýaly, 16-20-nji oktýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda amaly-haşam sungatynyň IV Daşkent biennalesi geçirildi.

Oňa Türkmenistandan sungaty öwreniji we gobelen suratkeşi Altynjemal Baýlyýewa gatnaşdy. Şeýle hem onlaýn görnüşde Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Maýa Jumaniýazowa, Aýjan Kadyrowa biennaleniň ylmy-tejribe maslahatyna gatnaşdylar.

Amaly-haşam sungatynyň IV Daşkent biennalesiniň netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, sungat öwreniji, gobelen suratkeşi Altynjemal Baýlyýewa Petroglifleriň syrlary (triptih) we Durmuş kerweni (poliptih) döredijilik eserleri üçin halklara çäräde 1-nji orna mynasyp bolup, şahadatnama, pul baýragy bilen sylaglandy.

Halkara çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlarynyň üsti bilen türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli sungaty, onuň çeperçilik gymmaty hem-de häzirki döwürdäki ähmiýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Biennaleniň globallaşma şertlerinde milli medeniýetleri gorap saklamagy maksat edinendigini we olaryň döredijilikli düşündirişini hem-de innowasiýa ösüşini öňe sürendigini bellemelidiris.

Ýene degişli makalalar

Bedew waspy
Şagadam Köpetdagy paýtagtda uly hasap bilen ýeňdi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Arkadag şäheriniň edaralaryna ýolbaşçylar bellendi
Daşoguzyň ýörite sungat mekdebinde uçurymlaryň konserti geçirildi
TÝL ― 2023: 5-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar