Alym dünýäniň sebitleriniň dördüsiniň heläk bolup, ilatyň göçjekdigini çaklaýar

Alym dünýäniň sebitleriniň dördüsiniň heläk bolup, ilatyň göçjekdigini çaklaýar

Howany öwreniji alym Ýohan Rokstrem ýene 50 ýyl hem geçmez, emma howanyň derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglylykda, Braziliýadan we Hindistandan, Afrikanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň etraplarynyň birgideninden köpçülikleýin bosgunlyk başlanar diýip, beýanat berdi. Bu barada Frankfurter Allgemeine Zeitung neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Alymyň çaklamalaryna görä, 2,4 derejede maýlama planeta üçin öňünden aýdyp bolmajak heläkçilikli netijelere getirer hem-de durmuşyň düýpgöter täze şertlerini döreder, mümkin, Zemin ýaşaýyş üçin gutarnykly ýaramsyz bolar.

Mümkin, eýýäm 2070-nji ýylda dünýäniň sebitleriniň ekwatora golaý bolan köp bölegi adamlaryň janyna howp salar derejede yssy bolar. Bu, esasan, Braziliýanyň köp bölegine, şeýle-de Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Hindistanyň böleklerine degişli bolar diýip, Rokstrem aýtdy.

Ol ady tutulan sebitlerde ortaça ýyllyk temperaturanyň Selsiý boýunça 30 gradusdan hem geçjekdigini, munuň bolsa adamyň jany üçin gönüden-göni howp saljakdygyny nygtady. Uzakmöhletleýin geljekde adamlar diňe ýelejiredilýän jaýlarda ýaşap bilerler ýa-da göçmeli bolarlar. Şunda ikinji ýol ilatyň garyp gatlaklary üçin ýeke-täk çykalga bolar.

Häzirki wagtda Ýerde howanyň ortaça temperaturasy buzluk döwründen bäri iň yssy derejä ýetdi. Alymyň çaklamalaryna görä, Grenlandiýanyň we Antarktidanyň buzluklarynyň eremegi Zeminiň ähli sebitlerindäki kenarýaka etraplaryň suwuň astyna gitmegine getirip biler.

Deňziň suwy ýedi metre çenli ýokarlanyp biler. Bangladeşde ýa-da Maldiw adalarynda edil Mumbaýdaky, Manhettendäki ýa-da Gaagadaky ýaly örän uly meseleler ýüze çykyp biler diýip, hünärmen sözüni jemledi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň köp ilatly şäherleri
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
Dubaýdaky Burj-Halyfa diňi Bolliwudyň ýyldyzyny doglan güni bilen gutlady
Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny ýitirdi
Hindistanda Merkezi Aziýa bilen aragatnaşyga bagyşlanan Çabahar güni geçirildi
Ilkinji Russiýa-Hindistan ýük otlusy Türkmenistandan geçdi