Alymlar başga planetalylaryň Ýerden iberilen habara haçan jogap berjekdigini çakladylar

Alymlar başga planetalylaryň Ýerden iberilen habara haçan jogap berjekdigini çakladylar

ABŞ-nyň Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlar zeminlileriň golaý ýyllarda başga planetalylardan duýduryjy habarlar almaga mümkinçiliginiň boljakdygyny aýdýarlar diýip, Radiosputnik.ria.ru habar berýär.

Hünärmenler NASA tarapyndan 2002-nji ýylda Pioneer 10 zonduna iberilen habara başga planetaly aň tarapyndan jogabyň gelmegine umyt edýärler. Olaryň maglumatlaryna görä, habar Ýerden 27 ýagtylyk ýyly daşlykda ýerleşýän ýyldyza ýetdi diýlip, Planet Today neşiriniň habarynda aýdylýar.

Möhüm habara jogap bermek üçin başga planetalylara wagt gerek bolar, biz habara 2029-njy ýyldan bärde garaşyp bilmeris diýip, hünärmenler toparynyň hasabatynda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Astronomlar ýaşaýyş üçin ýaramly çaklanýan 85 sany planetany tapdylar
Suw dünýämiziň 2/3 bölegini emele getirýär
Coca-Cola alyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplandy
Ertir “planetalaryň ýörişi” bolar
Kosmos barada täze maglumatlary toplady
Aýdaky suwuň içilip bilinjekdigi mälim edildi