Alymlar howanyň üýtgemeginiň ýetirjek zyýanyna baha berdiler

Alymlar howanyň üýtgemeginiň ýetirjek zyýanyna baha berdiler

2049-njy ýylda howanyň üýtgemeginden dünýä ykdysadyýeti ýylda 38 trillion dollar ýitgi çekip biler. Bu barada Howanyň täsirini öwrenýän Potsdam institutynyň alymlar habar berdiler. Olaryň ylmy barlaglarynyň netijesini Nature žurnaly çap etdi diýip, Ren.tv ýazýar.

Netijede, dünýä ykdysadyýeti 19 göterim kemelip biler. Şunda ýitgiler ählumumy maýlamanyň ösüşiniň depginini azaltmaga sarp edilýän çykdajylardan alty esse ýokarydyr. Alymlar esasy howpuň Ýerde howanyň temperaturasynyň haýal ýokarlanmagyna däl-de, tebigy hadysalara baglydygyny belleýärler.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly ykdysady kynçylyklaryň diňe ýurtlaryň hökümetlerine we kompaniýalara däl-de, aýratyn adamlara hem howp salýandygy nygtalýar. Afrika we Günorta Aziýa ýurtlary has çynlakaý meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolarlar diýip, hünärmenler duýdurýarlar.

Ýene degişli makalalar

Ýaglanma Howpuny Artdyrýan 2 Sany Genetiki Wariant Kesgitlendi
Kanadada iň tiz surata alýan kamera döretdiler
WWA: Dünýäde sil joşgunlary has-da güýçlendi
Wagtyň ählumumy hasaby buzluklaryň eremegi sebäpli üýtgäp biler
Amerikaly inženerler howadan suw almagyň usulyny tapdylar
Alymlar plastigi bir hepdede gaýtadan işlemegiň usulyny tapdylar